18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmensitanyň Halkara Maýa Goýum Maslahaty

Stambulda Türkmensitan Halkara maýa goýum maslahaty geçýär.Bu çärä ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary goldamak, şeýle hem Ýewraziýa yklymynda we tutuş dünýäde goşulyşmak ýagdaýlaryny çuňlaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň maýa goýum derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Maslahatyň wezipesi daşary ýurtly mýaadarlaryň, halkara maliýe-bank düzümleriniň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. 

2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanda halkara maýa goýumlarynyň altysy, Stambulda bolsa biri gepçirildi. Şu günki Stambulda geçirilýän ikinji maýa goýum maslahaty Ýewropab ilen aziýanyň çatrygyndaky işewürçilik merkezini emele getirmäge gönükdirilen meýdança boldy. Ýokary derejedäki çärelere taýýarlyk görmek we ony geçirmek ýeňil iş däldir. Ýöne ol taraplaryň öňdengörüjiligini we ykdysady ýagdaýyny äşgär edýär. Ozalky duşuşyklaryň barşynda diňe birnäçe maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzyň bazarlarynda bolan gatnaşygynyň işjeňleşmýändigini aýan etdi. Bu gezekki maslahatyň jemleri has-da netijeli bolar diýen ynam bar. 

Eksport ulgamynda bäsdeşlige ukyplylygyň, kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň ýokarlanmagyna, häzirkizaman önümçilik kuwwatlyklaryň döredilmegine esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň binýadynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi. 

“Сiragan Palaсe Kempinski” maslahatlar zalynda geçirilen foruma gatnaşyjylaryň ägirt uly düzümi Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň we dünýäniň 50-ä golaý ýurdunyň işewür düzümleriniň Türkmenistanyň köpugurly mümkinçiliklerini we uly meýilnamalaryny hasaba almak arkaly biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini alamatlandyrdy. 

Bu ýere iki doganlyk ýurtlaryň öňdebaryjy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpsanly kompaniýalary, şeýle hem 10-dan gowrak halkara we maliýe guramalaryň wekilleri ýygnandylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Türkiýe Respublikasynda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bar. Umuman, bu foruma gatnaşyjylaryň sany 700-den geçýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda bolan resmi saparyna we onuň çäklerinde guralan foruma Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we metbugat neşirleriniň uly gyzyklanma bildirendigini bellemeli. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatlar zalynyň eýwanynda oturdylan 12 sany uly monitorda Türkmenistanyň köpugurly mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Monitorlaryň her birinde döwletimiziň ykdysady, eksport we maýa goýum syýasatynyň üstünlikleri, halk hojalygynyň binýatlaýyn pudaklaryny durmuşa geçirmek boýunça ýetilen sepgitler, meýilnamalar, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary beýan edildi. Biri-biri bilen sazlaşýan şekillerde ýurdumyzyň köpugurly ösüşi görkezildi. Onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durmuş, senagat ösüşi, ekologiýa derejesine aýawly çemeleşmek ýörelgeleri, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak ugurlary öz beýanyny tapdy. 

Türkmenistanyň ulag ulgamyna, nebitgaz toplumyna we senagatyna degişli aýry-aýry şekiller görkezildi. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine, sungat derejesine göterilen halylarymyza, şöhratly taryhy ýadygärliklere we häzirkizaman binalaryna bagyşlanan filmler möhüm orun eýeledi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilişi barada özbaşdak film görkezildi. Onda Hazaryň kenarynda ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini özünde jemleýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy barada gürrüň berilýär. Ir säher öwüşginleri we agşamky yşyklary bilen ähli pursatlarda gözel görnüşe eýe bolan ak mermerli paýtagtymyz—Aşgabada bagyşlanan görnüşler wideofilmiň jemini jemleýär. 

Biri-biriniň üstüni ýetirýän we baýlaşdyrýan şekilleriň sazlaşygy belent owazlara beslenip, birnäçe minudyň dowamynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlary, milli ykdysadyýetimiziň möhüm gazananlary hem-de onuň ägirt uly kuwwatlyklary barada doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. 

Şunuň ýaly tehnologik çözgüt maglumatlary ýaýratmagyň häzirkizaman usullary esasynda işlenip taýýarlanyldy. Çünki şeýle ýagdaýda oňa tomaşa edenler özüniň duýgulary, täsirleri bilen aňrybaş maglumatlary alyp bilýär. Mundan başga-da, zalda oturdylan monitorlar bu ýerde geçirilýän çäre barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Olarda Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bagyşlanan çykyşlaryň barşynda aýdylýan maglumatlar bilen baglanyşykly şekilleri jandandyrylýar. 

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň ýokary derejede geçiren gepleşikleri we Halkara maýa goýum forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu çäre ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. 

Maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkiýe Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy Jihat Omer Wardan bu ýere ýygnananlary mübärekledi we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda ähli ulgamlarda ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm alamaty bolup çykyş edýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy aýdyň mysal hökmünde esasy türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny atlandyrdy. 

Biziň ýurdumyzyň gazananlaryna we üstünliklerine ýokary baha berip, Jihat Omer Wardan baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Türkiýe Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklary komitetiniň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkiýe umumy wezipelere we maksatlara jogap bolup durýan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, Jihat Omer Wardan öz derejesi boýunça bu uly çäräniň täze möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleri döretjekdigini ynam bildirdi. 

Soňra çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Beýik Ýüpek ýoly halklaryň we ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Müň ýyl mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bu ugruň işjeň ykdysady gatnaşyklary umumy ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. 

Türkmenistan häzirki döwürde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we onuň sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýeti bardyr. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Nihat Zeýbekçi Türkiýäniň hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk-halkara hukuk derejesine esaslanýan açyk gapylar syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkdilmegini özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýar. 

Ulag ulgamynda transmilli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri sebitiň ähli ýurtlary üçin häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň wajypdygyny belledi we onuň ykdysady hazmatdaşlygynyň giňeldilmegini şertlendirýändigini aýtdy. 

Nihat Zeýbekçi öz çykyşynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň Ankarada geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriniň uly netijelere beslenendigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem gepleşikleriň barşynda ýangyç-enegrgetika toplumynda, söwda-ykdysady pudakda, medeni-gumanitar ugurlarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem Türkiýäniň ykdysadyýet ministri türk we türkmen kompaniýalarynyň bilelikde üçünji bir ýurtda taslamalary durmuşa geçirmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde Türkmenistan sazlaşykly ösüşe eýe boldy diýip bellemek bilen, Nihat Zeýbekçi daşary ýurtly wekilleri biziň ýurdumyz bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmaga çagyrdy. Forumyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri bu duşuşygyň türkmen döwleti bilen özara gatnaşyklary berkitmek we täze netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm binýady emele getirendigini aýtdy. 

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşma we Türkmenistanda döwrebaplaşdyrmak çäreleriniň işjeňleşdirilýän şertlerinde halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary barada gürrüň berdiler. 

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň hatarynda biziň ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýän işewürler bilen bir hatarda, geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýän kompaniýalaryň wekilleriniň bardygyny bellemeli. Olaryň hemmesi Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada degişli maglumatlar aldylar we hyzmatdaşlygyň has bähbitli ugurlary boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler. 

Häzirki döwürde Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrylýar. Daşary ýurtly işewürler biziň ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeler, bazaryň ýagdaýy barada anyk maglumatlara eýedirler. Olar öz ugurlaryny we ynanylan işe bolan jogapkärçilikli çemeleşmelerini iş ýüzünde beýan edýärler. 

Maslahatda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewiň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň häzirki makroykdysady ýagdaýy Bütindünýä pul gaznasynyň bilermenleri tarapyndan durnukly ösüşe eýedigi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle hem ol ösüşiň amatly çaklamalary bilen durnukly derejede saklanylýar. Dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän işler kanunçylyk taýdan berkidilýär we amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň ýurdumyzyň maýa goýum ýagdaýynyň ygtybarlydygyny, özüne çekijidigini we daşary ýurtly maýadarlar üçin goraglylyk derejesiniň ýokarydygyny şertlendirýär. 

Hususan-da, 2014-nji ýylda biziň ýurdumyzda ABŞ-nyň 15 milliard 700 million dollary möçberindäki maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilendigi bellenildi. Bu serişdeler esasan ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gaýtadan işleýän pudaga, himiýa senagatyna, elektroenergetika, demir we awtomobil ýollaryň gurluşygyna, obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa şu günki foruma gatnaşyjylaryň köpüsiniň biziň ýurdumyzyň iri daşary ykdysady hyzmatdaşlygy bolup durýan döwletleriň wekilleridigi aýdyldy. Şeýle hem işewürleriň, kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly ulgamlara esaslanýan senagat taýdan ösüş ugry boýunça işewür gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. 

Telekeçilik işini alyp barmak üçin hemmetaraplaýyn amatly şertleri döretmek döwletimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzy ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge ukyply telekeçilik düzümlerini döretmäge, telekeçilik işini ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär. Telekeçiligi ösdürmek, telekeçileriň hukuklaryny goramak we olara beýleki kepillendirmeleri üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Telekeçilere şeýle goldawy bolsa güýçli, adalatly we durnukly döwlet berip biler. 

Häzirki döwürde türkmen telekeçileri bilelikde işlemäge we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen birlikde, telekeçileriň daşarky bazarda dürli pudaklara degişli bolan, şol sanda gurluşyk pudagyna degişli harytlary ýerlemekde we hyzmatlary teklip etmekde uly mümkinçilikleri bar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň çykyşy biziň ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň we milli hem-de alkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berýän wideofilm bilen utgaşykly dowam etdi. Şeýle hem filmde türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady, medeni we tebiygy mümkinçiliklerini görkezildi. 

Öz gezeginde Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammed Ali Al- Madani häzirki duşuşygyň bütin dünýäde Türkmenistana bildirilýän ägirt uly gyzyklanma aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Türkmen döwleti bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, bankyň ýolbaşçysy Türkiýede ikinji gezek geçirilýän maslahatyň häzirki döwürde oňyn makroykdysady görkezijilere eýe bolan we ykdysadyýetde ösüşiň täze derejesine çykýan Türkmenistan üçin ägirt uly mümkinçilikdigini aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iki esse ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ahmad Mohammad Ali Al-Madaniniň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň mundan beýläkki ösüşi üçin Türkiýäniň başlyklyk edýän G20 ulgamynyň işiniň üç sany esasy ugry zerurdyr. Olar bu ulgama gatnaşmakdan, ony ulanmakdan we maýa goýum işinden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu gezekki forumyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, YÖB-nyň ýolbaşçysy munuň özi ähli daşary ýurtly wekiller şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda öňdebaryjy maliýe institutlary üçin örän bähbitlidir. 

Hususan-da, maslahatyň barşynda “СIFAL Groupe” ýolbaşçysy we “Fransiýa-Türkmenistan” söwda-senagat edarasynyň başlygy Žil Remi biziň ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösýändigini, onuň bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini belledi. Munuň özi kuwwatly döwletiň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýaatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamsaydyr diýip, ol aýtdy. Milli we ählumumy bähbitleri nazarlaýan durmuş ulgamy Türkmenistanyň energetika syýasatynda öz beýanyny tapýar diýip, ol sözüni dowam etdi. Şeýle hem Žil Remi Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlayna eýedigini, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýýändigini belledi. 

Munuň özi bu ýurda 20 ýyl mundan ozal BMG-niň çözgüdi esasynda berlen oňyn bitaraplyk derejesiniň esasy ugrunyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aňladýar diýip bellemek bilen, Žil Remi bu oňyn derejäniň Türkmenistanyň çylşyrymly ýagdaýlarda durnuklylygy saklaýan ýurt hökmündäki ähmiýetini ýokarlandyrýandygyny aýtdy. Goňşy ýurtlar bilen ykdysady taýdan utgaşykly iş alyp barmak we ählumumy ýagdaýda oňyn ýörelgeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirmek Türkmenistanyň milli Lideriniň oňyn syýasatynyň baş ugrudyr. 

Netijeli we uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygy üçin ähli şertleri üpjün eden ýurduň ýolbaşçysynyň syýasy erki netijesinde Türkmenistan uly üstünlikler gazanýar diýip, “СIFAL-yň” baştutany aýtdy. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda türkmen bazarynda daşary ýurt işewürçiligini ilkinjileriň biri hökmünde başlan fransuz kompaniýalarynyň işi muňa mysal bolup biler. Biziň kompaniýalarymyzyň Türkmenistanyň möhüm maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny yzygiderli dowam edýär we ol bu möhüm gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmgine gyzyklanma bildirýär. 

Soňra Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Afrika ýurtlary boýunça baş ýerine etiriji direktory jenap Toşiro Maççi çykyş etdi. Ol özi üçin Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi. Bu ýere ýygnananlary JBIC-niň işi, onuň taryhy bilen tanyşdyryp, esasy halkara maliýe institutynyň wekili özleriniň 1996-njy ýyldan bäri Türkmepnistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ýurtda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna maliýe taýdan goldaw berýändiklerini belledi. 

Häzirki günde dokma, nebithimiýa, gaz senagatynda umumy möçberi ABŞ-nyň 2,3 milliard dollary töweregi möçberinde taslamalar maliýeleşdirildi. Ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýandygyny beýan edip, jenap Toşiro Maççi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan saparynyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda iri desgalary gurmak boýunça baglaşylan şertnamalaryň ähmiýetini nygtady. 

Çykyşynyň ahyrynda JBIC-niň wekili bu maslahatyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Amerikanyň “General Elektriс Power&Water” kompaniýasynyň Ýewpopa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça prezidenti Rikardo Kordobo özüniň çykyşyny Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerinden başlady. 

Onuň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň öňden görüjilikli we paýhasly syýasaty netijesinde Türkmenistan baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, önümçilik pudaklarynda öňdebaryjy tejribeleri ulanmak, ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň gurluşygyna iri maýa goýumlary çekmek maksady bilen guralýan bu günki forumyň ýokary baha mynasypdygyny belledi. 

Jenap Rikardo Kardobanyň belleýşi ýaly, “General Elektrik” kompaniýasy Türkmenistanyň esasy tehnologik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanýar. Ol özüniň ýolbaşçylyk kompaniýasynyň Türkmenistanda 1990-njy ýyldan bäri işleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň ýolbaşçysy şu döwrüde durmuşa geçiren taslamalaryny agzap geçdi. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan gaz turbinaly gurnamasy şolaryň biridir. Häzirki döwürde Türkmenistanda “General Elektrik” kompaniýasynyň umumy kuwwaty 3 müň MWt bolan gaz turbinalaryň 34-si işleýär, şol sanda olaryň birnäçesiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kompaniýamyza bildirilýän ynam biziň borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek babatda türkmen döwletiniň öňündäki jogapkärçiligimizi ýokparlandyrýar diýip, myhman belledi we Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. 

Rikardo Kardobanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli Lideriň ýolbaşçylygyndaky ösüş depgini özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyny has yhlasly işlemäge höweslendirýär. Şeýle hem ol energetika pudagynda amala aşyrýlan birnäçe täze taslamalar barada aýtdy. 

Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýokary gyzyklanma bildirilýändigi maslahata gatnaşyjylaryň beýleki çykyşlarynda hem bellenildi. 

Umuman maslahatyň işiniň birinji gününiň çäklerinde maýa goýum ýagdaýyna gatnaşýanlar tarapyndan Türkmenistanda täze pudaklaryň we önümçilikleriň döremegini nazara almak bilen giň ugurlar boýunça geljegi uly taslamalary maliýeleşdirmegiň wezipeleri hem-de mümkinçilikleri öwrenildi. 

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Türkmenistanyň Şähergurluşyk Maksatnamasynyň Gerimi-Halkyň Bähbidine

Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti.

syrach

Behişdi Bedewleriň Hormatyna Döredijilik Bäsleşigi

syrach