20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ulag-Hazarda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy

birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag düzümleriniň ýolbaşçy wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady hem-de 2018-nji ýylda Aktau şäherinde geçirilen (Gazagystan Respublikasy) Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi.

Ulag ulgamy Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň arasynda oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm birleşdiriji halka bolup hyzmat edýär, bu gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösdürilýär. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi biziň döwletlerimiziň tapawutly aýratynlyklarydyr, bu bolsa üstaşyr ýükleri getirmek, logistika hyzmatlaryny etmek ulgamynda giň mümkinçilikleri açýar we «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça söwda geçelgeleriniň netijeli işini üpjün edýär.

Hazar sebiti ägirt uly serişdeler, şol sanda energetika we ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryna eýe bolan örän möhüm strategik sebitdir. Munuň özi bu ýerde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna hem-de gatnaşyjy ähli taraplaryň bähbitleriniň aňrybaş deňeçerligine esaslanýan ylalaşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäkleri boýunça geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjynda milli ulag strategiýasynyň esasy goýlandyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki ýurtlarynyň dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginiň makullamasyna eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň örän möhümdigine BMG-niň Baş Assambleýasynda ulag meseleleri boýunça degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň 2019 — 2020-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň edarasyna saýlanylandygy buýsançly ýagdaýdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIATA) hem-de beýleki abraýly guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy, olar uly mümkinçiliklere eýe bolan bu ulgamda bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Hazarýaka döwletleriň her biri ýolagçylary we ýükleri gatnatmak we daşamak boýunça häzirki zaman deňiz, awtomobil, demirýol we howa düzümlerini döretmek ugrunda iri taslamalary amala aşyrýar.

Hazar sebitiniň üstünden geçýän hereket edýän yklymara geçelgeleriň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de syýahatçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Ählumumy ähmiýetli häzirki zaman düzümleriniň kemala getirilmegine, milli ulag düzümleriniň gatnaşmagynda durnukly logistika halkalarynyň döredilmegine, hyzmatlaryň sanawynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.

Dünýä söwdasyndaky iň möhüm meýillere seljerme berilmegi olaryň köpüsiniň Hazar portlarynyň ösdürilmegine ýardam edýändigini, has tiz ösýän ugurlaryň biriniň — harytlaryň konteýnerlerde iberilýän möçberleriniň barha artýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň we ýurdumyzyň önümleriniň eksporta iberilýän möçberleriniň durnukly artmagy, olaryň geografiýasynyň giňelmegi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Hazar ýakasynyň goňşy döwletleriniň okgunly ösýän ykdysadyýetleriniň kuwwaty biziň ýurdumyzda hem, tutuş sebitde hem port hyzmatlaryna bolan islegleri herekete getirýän höweslendiriji gural bolup durýar.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri bu islegleri ýokary derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu portuň netijeli işlemegi wagtyň geçmegi bilen yklymara ýük gatnawlarynda logistika halkalarynda düýpli özgertmelere getirer, has gysga we bähbitli ugurlar üçin iň amatly üstaşyr geçirijiler hökmünde türkmen terminallary olaryň möhüm bölegine öwrüler.

Dünýä söwdasynyň esasy ugurlarynyň seljermesi olaryň köpüsiniň Hazar portlarynyň ösüşine ýardam berýändigini görkezýär. Bu ugurda düýpli güýçlenýän ugurlaryň biri bolsa harytlaryň konteýnerler arkaly daşalmagynyň möçberiniň barha artýanlygydyr.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilişiniň durnukly ösüşi, olaryň geografik çäkleriniň giňelişi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Hazar ýakasynyň goňşy döwletleriniň işjeň ösýän ykdysady mümkinçilikleri ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde port hyzmatlaryna bolan islegi ýokarlandyrýan esasy sebäp bolup durýar.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümi bu islegi ýokary hilli teklip we ýokary derejeli hyzmat bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Onuň herekete girizilmegi wagtyň geçmegi bilen yklymara ýük daşalyşynda logistiki halkalaryň strategik özgertmelerine getirer. Türkmen ýük daşaýyş terminallary bolsa, iň gysga we bähbitli ugurlarda iň amatlysy bolmak bilen, bu ugurda möhüm halka bolar.

Türkmenistanyň ulag düzüminiň mümkinçilikleri, aýratynda, Hazar sebitine iri göwrümli we agyr ýükleriň ulaglaryň dürli görnüşleri bilen eltilmegi, olaryň Merkezi Aziýadaky beýleki döwletlere ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirilmegi duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara deňiz portunda refrižerator konteýnerleriniň saklanylmagynyň göz öňüne tutulandygy, meýdany 9 müň inedördül metre barabar bolan üsti ýapyk ammarlaryň bardygy nygtaldy. Bu terminal sebitiň ýük daşalyşynyň eksport-import ulgamynda ýurdumyzyň öňdebaryjy orny eýelemegine ýardam berer.

Multimodal logopark howa, ulag we demir ýol ulagy arkaly eltilen konteýner ýükleriniň suw gämilerine we yzyna täzeden ýüklenmegini üpjün etmek bilen, olary saklamak we işläp taýýarlamak boýunça toplumlaýyn hyzmatlary amala aşyryp biler.

Şeýlelikde, ýurdumyz häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm we herekete getiriji bölegi bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşar. Bilermenler söhbetdeşligiň jemini jemläp, Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ähli düýpli ugurlary boýunça uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini nygtadylar. Taraplar ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygyň güýjüne girmegi üçin içki döwlet işleriniň kenarýaka ýurtlaryň ählisinde tamamlanmagynyň zerurdygyny bellediler.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolan sebitiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen degişli resminama gol çekilmegi işjeň duşuşygyň anyk jemi boldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda myhmansöýerligiň görkezilendigi, birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeli we işjeň işi üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem häzirki duşuşygyň özara düşünişilmegiň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigi babatda bir bitewi pikirde boldular.

tdh

Degişli makalalar

Buharest Uniwersitetiniň Wekiliýetiniň Sapary

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach