23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn

Ýurdumyzyň pagtaçylary Watanymyzyň baş baýramçylygynyň—Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, uly döwlet harmanyna pagtanyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Pagta ýygymy dowam edýär, ekerançylar ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin onuň depginlerini birjik-de gowşatmaýarlar.

Türkmen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi—täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda başyny başlan uly möçberli özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti ýurdumyzyň aýratyn möhüm oba hojalyk pudagynda—pagtaçylykda aýdyň ýüze çykýar, döwlet bu pudagy häzirki zaman tehnikasy we tilsimatlary bilen üpjün etmek üçin bu ugra uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Netijeli bazar mehanizmlerini ornaşdyrmak arkaly daýhanlary zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga höweslendirmek özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Ekinlere ideg etmek, olary suwarmak we dökünler bilen üpjün etmek boýunça işler amala aşyrylanda berilýän ýeňilliklerden başga-da, soňky ýyllarda pagta üçin tölegiň möçberi hem ep-esli ýokarlandyryldy. Tabşyrylýan pagtanyň hiline baha bermek işlerini «Türkmenstandartlary» Döwlet gullugynyň ýerli hünärmenleri ýurdumyzyň kabul ediş nokatlarynyň 155-sinde ýerleşdirilen, tehniki taýdan üpjün edilen barlaghanalarda geçirýärler, munuň özi pagtaçylaryň we döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegini ygtybarly üpjün edýär. «Ak altynyň» tölegi «Daýhanbankyň» bölümleriniň üsti bilen tiz geçirilýär. Zerur bolan ýagdaýynda daýhanlara ýygymçylaryň zähmet tölegi üçin irgözinden serişdeler hem goýberilýär. Pagta ýygym işinde «Türkmenpagta» döwlet konserniniň ýanynda özgertmeleriň barşynda döredilen «Ak altyn» döwlet pagta söwda kärhanasy hem aýratyn orun eýeleýär, ol pagtany ýerlemek boýunça daýhanlaryň aladasyny edýär. Bu ädim arkaly daýhanlaryň çeken zähmetleriniň netijelerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we türkmen pagtasyny içerki bazarda has amatly ýerlemek mümkin boldy.

Toprak howa şertlerine baglylykda ekinleri üýtgetmegiň sebitleýin ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy hem «ak altynyň» hasyllylygyna oňaýly täsirini ýetirdi. Bu ýerde tohumçylyk babatda oba hojalyk ylmynyň täze gazananlaryny peýdalanmak boýunça uly işler alnyp barylýar, meýdanlarda gowaçanyň has netijeli sortlary ekilýär. Olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan etraplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, şonda her bir welaýat, etrap, hatda hojalyk üçin has oňaýly toplum saýlanyp alyndy. Şu ýyl ýurdumyzda tehniki ekin üçin bölünip berlen 550 müň gektar ýerlerde ozaly bilen «ak altynyň» türkmen sortlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn üns berildi. Şol sortlar dürli welaýatlaryň toprak howa şertlerinde ýokary hasyl berýärler. Mysal üçin, pagtanyň orta süýümli «Ýolöten-7» sortuny esasan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň, «133» sortuny Daşoguzdan başga ähli welaýatlarda ösdürip ýetişdirdiler. Demirgazyk welaýatda pagtanyň «149F», «S-4727», «Daşoguz-120» we «Serdar» sortlary peýdalanyldy. Lebap we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary beýleki sortlar bilen birlikde meýdanlara pagtanyň orta süýümli «S-2606» sortuny ekdiler. Inçe süýümli «9871-ÝO», «9946-ÝO», «Ýolöten-14», «Ýolöten-32» sortlary üçin Ahal we Mary welaýatlarynda ekin meýdanlary bölünip berildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan işiň netijesi kanunalaýyk bolýar—ýurdumyzyň ekerançylary «ak altynyň» ýylsaýyn beýgelýän harmanlaryny hasyllylygy artdyrmagyň hasabyna döredýärler.

Täze Galkynyş eýýamynda pudagy tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga tarap ugur alnyp, maksatlaýyn maýalar yzygiderli goýberildi, hususan-da, oba hojalygyny gysga möhletlerde häzirki zaman tehnikasy bilen doly üpjün etmek maksady bilen dünýäniň öndürijilerinden kuwwatly kombaýnlaryň, traktorlaryň, seýalkalaryň täze görnüşlerini uly möçberde satyn almak üçin köp serişde sarp edildi. Häzir pagtaçylaryň ygtyýarynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň uly toplumy bar, hut şolaryň kuwwatlylygy, şeýle hem mehanizatorlaryň başarjaňlygy pagta ýygymynyň depginlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şu möwsümde pagta ýygymynda tutuş ýurdumyz boýunça «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynyň kuwwatly kombaýnlarynyň 600-si işledildi. «Türkmenpagta» döwlet konserninde habar berişleri ýaly, hasyly daşamaga awtoulaglaryň 2630-dan gowragy, ulag traktorlarynyň 2280-si we teleżkalaryň 3240-dan gowragy gatnaşdylar, olaryň kömegi bilen meýdanlardan her günde pagtanyň 20 müň tonnadan gowragy daşaldy.

Türkmenistanda ilkinji bolup Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigini bellemek gerek. Olaryň yzýany bilen Balkan, Lebap we Ahal welaýatlarynyň ekerançylary raport berdiler. Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hem pellehana ýakynlaşýarlar.

Ýurdumyzyň pagtaçylary şu ýyl «ak altyny» ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly howa şertlerinden doly derejede peýdalanmagy başardylar. Daýhanlar gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagta ýygymyna hemişekilerden has ir girişdiler, amatly howa bolsa pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna ýardam etdi.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýygym möwsüminiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçiren maslahatlarynyň barşynda bu oba hojalyk möwsümine uly jogapkärçilik bilen barmagyň möhümdigini aýratyn belledi. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumy üçin bu aýratyn ähmiýetli işde ownuk zatlar bolmaýar, pagta ýygymynyň takyk we sazlaşykly barmagy üçin ähli zatlary göz öňünde tutmaly diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikanyň, çig maly kabul edýän we saklaýan nokatlaryň işleriniň takyk guralmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany pagta ýygymyna dahylly oba hojalyk edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şol tabşyryklar möwsümiň barşynda yzygiderli durmuşa geçirildi.

Pagta ýygym möwsümi—oňa gatnaşyjylaryň hemmesi üçin hakyky synagdyr. Onuň üstünlikli geçirilmegi köp babatda kabul edilýän guramaçylyk çäreleriniň derejesine gös-göni bagly bolýar. Şonuň bilen baglylykda pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin işledilýän tehnika ýerinde hyzmat etmek ýola goýuldy, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň we ezber elli ýygymçy zenanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin zerur bolan şertler döredildi.

Türkmenistanyň beýik garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň pagtaçylary her bir sagatlaryny aýamak bilen, şu ýyl ýetişdirilen «ak altynyň» bereketli hasylyny doly we ýitgisiz ýygnamaga çalyşýarlar, munuň özi ýurdumyzyň ekerançylarynyň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri, pagtaçylyk pudagyny we tutuş oba hojalygyny ösdürmek hakynda hemişelik aladasyna mynasyp jogaplary bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Kyrklareli we Stambul Aýdyn Uniwersitetlerinde Dabaraly Çäreler Geçirildi

turkmenhabargullugy

Dine Uýmak Erkinligi we Dini Guramalar Atly Tegelek Stol Çäresi Geçirildi

Grodno Şäherinde Okaýan Türkmen Talyplary Bitaraplyk Hakynda Gürrüň Berdiler

syrach