18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni “adam” diýen mukaddes ada mynasyp bolmak.

Oýlanyp göreliñ… Ahlak iman bilen dogan. Ahlak ýok ýerinde yhsana orun tapylarmy? Wyždansyzlyk bilen ýaşaljak ömriñ gelejegi nähili reñklere bürener? Asyl ahlak we wyždansyzlykdan kemala gelen “şahsyýete” adam diýip bolarmy? Diýip bolar. Ýöne onuñ diñe ady “adam” bolaýmasa, ruhynda ynsan sypatyna mahsus keşbi tapmarys.

Añy-düşünjesi ýerinde jemlenen adam oglunyñ ýaşan ömrüniñ her pursaty synag meýdançasy. Ykbal bolsa onuñ synagçysy. Synagdan geçmek biziñ ählimize deñ derejede berlen peşgeş. Bu peşgeş bize belli bir derejede “adam” adymyza mynasyp bolmak üçin ýol arçap berýär. Arçalan ýolda dogry ýaşap üstünlik gazanmaklyk babatda bolsa, öz ruhy erkinligimiz bize goldawçy bolup hyzmat edýär.

***

Çaga ýylgyrýar. Bu onuñ yzygider agylardan saplanyp ýa-da daşyndaky mähir bilen garaýan gözlere şatlyk paýlap üstünlik gazanmagy.

***

Ilkinji ädim. “Kiçijek adam” uly dünýäñ synasynda öz aýagy bilen ädim ädip, ýoly geçip, ýatmak we emedeklemek kanunynyñ üstünden agalyk edip üstünlik gazanýar.

***

Arzuw. Bir kaka işden argyn halda öýüne dolansa, onuñ öñünden perzentleri: “Kakam gelipdir” diýip ylgaşyp çykyp gujagyna dolsalar, bu nähili bagt. Kakanyñ ruhundaky hem bedenindäki argynlyklar şol pursat öz-özünden zym-zyýat bolaýmazmy eýse… Perzentlerine guwanç bilen garaýan adam, olaryñ ertirki günleri üçin arzuwlaryñ düýpsiz ummanyna gitmezmi?! Elbetde gider. Bu arzuwlar aladasyz çagalygyñ hem çagalaryñ kakalarynyñ durmuş ýadawlygynyñ öñündäki gazanan üstünligi.

***

Sowat. Ele bir giden nokatlardan düzülen şekillije depderi alyp, galam bilen şol nokatlaryñ üstünden aýlaw edip harplaryñ başlangyjyny we sanlaryñ düzümini doldurmak… bu sowatsyzlykdan saplanmak üçin edilen ilkinji üstünlik.

***

Sowgat. Ejeñi gutlamaly güniñ ýetip gelýär. Oña näme sowgat bermeli? Gülmi, aý ýok dünýädäki iñ owadan güle “gül” sowgat etmek nämä derkar… Ýüregiñde ejeñe bolan çäksiz söýgi bar. Çünki seniñ ejeñden gowy eje ýok. Iñ gowy eje üçin mynasyp sowgat näme bolup biler. Oýlanýarsyñ. Eliñe galamdyr kagyz alyp, yhlas bilen surat çekmäge başlaýarsyñ. Ine-de bir enaýy edilip çekilen, gapdalynda öziñ duran ejeli suratyñ taýýar. Ony wagty bilen ejeñe görkezersiñ. Ejedir… hamsygar. Seni bagryna basyp mañlaýyñdan öper. Bu seniñ iñ mähriban adamyñy begendirip bilmek babatda gazanan üstünligiñ.

***

Yşk. Göwnüñde täzeçe hyýallar döräp başlar. Üýtgeşik, uky hem bimaza etmez. Uklanyñdan, kimdir biriniñ pikirini edeniñi gowy görersiñ. Bardy-geldi uklaýsañ hem düýş bilen huşdaky oýlanmalaryñ yzyny dowam edersiñ. Bu seniñ ýetginjek çykyp çagalygyñdan saýlanan üstünligiñdir.

***

Aýakda durmak. Halallyk barada owal-ahyr ruhuña guýlan öwüt-ündewleri ýat beklärsiñ. Durmuş çöregini özüñ gazanyp başlarsyñ. Janypkeşligiñ bilen wezipe derejäñ ýokarlanar. Daş töweregiñde dostlar köpeler. Müñ öwüşginli gözler saña teşnelik bilen gyýa-gyýa bakyp başlar. Ilki bada utanarsyñ. Soñy bilen öwrenşersiñ. Ýöne belent mertebäni depgiletmän işlemek juda kyn bolar. Çünki sende nebis bardyr. Ana şol nebsi ýeñip bilseñ öz aýagyña agram salman ömrüñi dowam etdirmek üstünligiñe degişlidir.

***

Dowamlylyk. Günler geçer. Maşgala bolarsyñ. Çagalaryñ dünýä iner. Ine bu, dünýäde täze dowamaty dowam etdirmeklik üstünligiñdir.

***

Mertlik. Kynçylyklar daşyñy dolap alanynda, ugruñy ýitirip ähli barlygy ýat edesiñ gelse, ilgençekden syrtmagy sallap özüñi heläklemek isleseñ… soñ hem gorksañ, ölmekligiñ, ölesi gelmegi islemekden has aýylgançdygyny syzsañ… ine iñ uly mertlik. Namartlygyñ üstüne gorky bilen atanak çekip batyrlyga tarap uran aýgytly ädimiñ üstünligiñ çür başy bolman näme bolsun?!

Biziñ her bir üstünligimizde söýgi bar. Söýgi bolsa bizi ýaşadýar. Ýaş edýär. Göwnümiziñ garramazlygynda üstünlige beslenjek synaglardan geçmek biziñ her birimize miýesser etsin! Çagalarymyzyñ ýylgyryp, gujagymyza dolup, söýüp we söýlüp gazanjak üstünliklerine guwanyp ýaşalyñ! Gowluklara guwanmak hem üstünlik ahyry.

Hajynur Sähedow, Ak bugdaý etraby.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Gara Sazaklyklar Garagumyň Ekologiýa Ulgamynda Möhüm Ähmiýete Eýedir

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşlar Syýasaty Boýunça Maslahat Geçirdi

turkmenhabargullugy

Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar