10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
SPORT

Ýüz Öýjükli Şaşka Boýunça Aşgabadyň Çempionaty Geçirildi

Paýtagtyň küşt we şaşka mekdebinde halkara (ýaz öýjükli) şaşka boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baýrakly orunlar üçin öňki geçirilen oýunlarda iň gowy oýny görkezen bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-siniň arasynda geçirildi 

Netijede jemleýji oýunda ýaşlaryň 12-si we gyzlaryň 8-si duşuşdy. Olar öz toparlarynda aýlawly görnüşde oýnadylar. Şahsy hasabyň netijeleri boýunça iň güýçli şaşkaçylaryň altysy kesgitlendi. 

Ýaşlaryň arasynda 9,5 utuk toplan Nejimetdin Goçmyradow altyn medala mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda 7,5 utuk bilen 2014-nji ýylyň kümüş baýragynyň eýesi Aýgül Annamyradowa ýeňiji bolmagy başardy.

Degişli makalalar

Sport Biraýlygynyň Ilkinji Bäsleşikleri

syrach

Aşgabatda TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagynda Okuw Ýygnanyşygy Geçiriler

Moskwada Geçirilen Sambo Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşlarda Türkmen Türgenleri Ýedi Medala Eýe Boldular