10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Uzynada Guýusynda 4500 Metr Çuňluga Ýetildi

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän möhüm ähmiýetli Uzyndada meýdanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje barlag-buraw müdirliginiň işgärleri täze uglewodorod ýataklaryny tapmak maksady bilen ýurduň taryhynda ilkinji aşa çuňlukdaky guýyny burawlamagy dowam edýärler. Guýynyň taslama çuňlugy 7150 metre barabardyr.

Şeýle jogapkärli iş «Gaýrat» medalynyň eýesi, tejribeli burawçy Annatuwak Saparowyň ýolbaşçylygyndaky topara tabşyryldy.

Häzirki wagtda burawçylar 4500 metr çuňluga ýetdiler. Bu çuňluga sement garyndysy bilen berkidilen tehniki turba oturdyldy. Buraw işinde ussalar topary HHR-de öndürilen ZJ  70 DB kysymly buraw enjamlaryndan peýdalanýarlar.

A.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky topar çuňluklary heniz doly öwrenilmedik meýdanlarda eýýäm ençeme ýyllardan bäri barlag-buraw işlerini geçirýärler. Bu topar ilkinjileriň hatarynda Gamyşlyja, Körpeje, Altyguýy we Ekizek ýaly täze nebitgaz barlag-buraw guýularyny burawladylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Guramalary Bilen Hyzmatdaşlyk Boýunça Resminamalar Taýýarlanyldy

syrach

Körpeler üçin täze çagalar bagy.

syrach

Stambul Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 Ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni Mynasybetli Ylmy Maslahat we Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy