21.8 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Döwletliler köşgündäki” çagalar Täze ýyl bilen gutlandy.

2015-nji ýylyň öňüsyrasynda, asylly däbe görä, “Döwletliler köşgünde” dabaraly çäre guraldy, şonda bu ýerde terbiýelenýänlere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada içgin alada etmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şunuň ýaly içgin garalmagy netijesinde, ýaş türkmenistanlylar, şol sanda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler abraýly döredijilik bäsleşiklerine we halkara festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar. Çagalaryň aglabasy ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän meşhur gözden geçirilişleriň baýraklaryna mynasyp boldy. 



Şu gün “Döwletliler köşgünde” täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen dabara uly konserte beslendi. Bu konsert baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen zalda, dürli reňkdäki zerli sapaklar we yşyklar bilen bezelen owadan arçanyň ýanynda boldy. Bu ýerde meşhur aýdymçylar, teatrlaryň toparlary, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar çykyş etdiler. 

Öz gezeginde “Döwletliler köşgüniň” ýaş eýeleri özleriniň köpugurly zehinini äşgär görkezdiler—çagalar goşgulary, şol sanda öz düzen goşgularyny okadylar, aýdym aýtdylar, tans etdiler, Aýazbaba we Garpamyk çagalara sowgatlary gowşurdylar. 

Dabaranyň ahyrynda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp sowgatlary we bagtyýar çagalyk üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli milli Liderimize ýakymly arzuwlaryny we gutlaglaryny beýan etdiler. 

Degişli makalalar

10 Ýaş Biziň Geljegimiz Atly Fotosuratlar Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Psihiatrik Kömek Bermek Hakynda

Taryhy Medeni Miras Watanymyzyň Milli Baýlygy