19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Uzynada Nebit-Gaz Ýatagynyň Mümkinçiligi we Geljegi

Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky Uzynada ýatagyndaky guýylarda gözleg-agtaryş burawlaýyş işleri alnyp barylýar. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň we «Türkmennebit» Döwlet konserniniň bölümleri bilelikde ýerasty gorlary agtarýarlar. Olar mart-aprel aýlarynda has çuň guýylaryň ikisinde burawlaýyş işlerini tamamlamagy göz öňünde tutýarlar.

Geologik-agtaryş işleri Uzynada ýatagynyň gorlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Hünärmenleriň pikirine görä, guýylaryň ýene birnäçesiniň burawlanmagy uglewodorod çig mally ýataklaryň düzümini we möçberini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Uzynadada geçirilen geologik-agtaryş işleriniň netijeleri alymlaryň bu ýerde tebigy çig malyň uly gorunyň bardygy barada gelen netijesini tassyklady. Täze ýatakda 6800 metrden 7150 metre çenli çuňluga burawlanan gözleg-barlag guýylarynyň dördüsinden uglewodorodyň senagat akymy alyndy.

Döwrebap buraw enjamlarynyň ulanylmagy ýerasty gatlaklardan magdan gözleýjilere has uly çuňluklary özleşdirmegi çaltlandyrmaga we uly möçberli işleri ýerine ýetirmekde gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik berdi. Uzynada ýatagynyň özleşdirilmeginiň ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň uly mümkinçiliginden peýdalanmaga ýardam bermegine garaşylýar.

Bu ýatakda agtaryş-gözleg işleriniň geçirilmegi we ondan peýdalanylmagy goşmaça nebit we gaz kondensatynyň alynmagyny üpjün eder. 2019-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda gol çekilen bu önümli ýatagy özleşdirmekde hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen ARETI Halkara kompaniýalary toparynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama bu ugurda täze mümkinçilikleri açýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Beýik Magtymgulynyň Ýadygärliginiň Hormatyna