29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT YLYM

V Aziýa Oýunlaryna Doly Möçberli Taýýarlyk Işleri Alnyp Barylýar

V Aziýa Oýunlaryna Doly Möçberli Taýýarlyk Işleri Alnyp Barylýar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Bilim ministrliginiň we Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň howandarlygynda talyplar Meýletinler merkezleriniň çäklerinde doly möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Meýletinler hataryna girmek üçin esasy şert-daşary ýurt dillerini ýokary derejede bilmekdir. Bu babatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň artykmaçlygy bar, çünki olar iňlis dilinde okaýarlar. Ýurdumyzyň iň ýaş ýokary okuw mekdebiniň Meýletinler merkezinde 900 talyp bolup, olar Aziada bilen baglanşykly guramaçylyk çärelerine işjeň taýýarlanýarlar. Dil taýýarlygyndan başga-da, Meýletinler merkezinde Türkmenistanyň we Azia oýunlarynyň taryhy, türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeniýeti barada düşünjeleri giňeltmäge niýetlenen, V Aziadanyň maksatnamasyndaky sport görnüşleri bilen tanyşmaga, edem-gylym kadalaryny we söhbetdeşlik endiklerini ösdürmäge gönükdirilen sapaklar geçilýär.

Türkmen Döwlet energetika institutynyň Meýletinler merkezine bu ýokary okuw mekdebiniň her edinji talyby gatnaýar. Iňlis dili mugallymy Bahar Geldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän merkeziniň köp ugurly işi talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, dogduk diýarynyň we Oýunlara gatnaşýan döwletleriň taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmäge islegleri olary jebisleşdiriji ýagdaý boldy.

Meýletinler işine ýeterlik derejede taýýar bolmak üçin talyplar okuwyň interaktiw usullaryny özleşdirýärler, ýüze çykaýjak ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwrenýärler, gezelenji guraýjy bolup görýärler. Yzygiderli geçirilýän bäsleşikler hem meýletinlik tejribesini toplamaga ýardam edýär.

Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde hem iki ýyl mundan ozal meýletinleri taýýarlamak işleri başlandy. Häzirki wagtda bu ýerdäki Merkezde dürli ugurlardan bilim alýan talyplaryň 500-den gowragy bar. Bu ýerde iňlis dili boýunça sapaklary diňe bir şu uniwersitetiň mugallymlary däl, eýsem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň mugallymlary-da alyp barýarlar. Olaryň alan bilimi birnäçe tapgyrda barlanylýar. Ykdysadyýet, tehnologiýalar we gidromeliorasiýa fakultetleriniň wekilleri gowy netijeler görkezýärler.

Degişli makalalar

Türkmen Futbolçysyna Taý Tapylmadyk Möwsüm

turkmenhabargullugy

Watanymyzyň Täze Taryhynda Ykbal Çözüji Sene

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Durnukly Ulag Ulgamy Boýunça Ählumumy Maslahat

turkmenhabargullugy