18.9 C
Aşkabat
29.03.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SPORT

V Aziýa Oýunlarynyň Ody 7-nji Sentýabrda «Galkynyş» Gaz Käninde Ýakylar

V Aziýa Oýunlarynyň Ody 7-nji Sentýabrda «Galkynyş» Gaz Käninde Ýakylar

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Bu baradaky meselä hökümetiň mejlisinde garaldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, 7-nji sentýabrda, ýagny V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galanda bu möhüm waka bagyşlanan ýene-de ençeme çäreleri geçirmelidigini belledi. Şol gün «Galkynyş» gaz käninde Aziadanyň mukaddes ody ýakylar we Aşgabada, V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna getiriler.

Şol gün irden Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler bilen duşuşyp, olara bu ýaryşlarda üstünlikleri arzuw etmek maksat edinilýär.

Şol ýerde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän, dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem-de paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri merkeziniň bu Kitaba girizilendigi hakyndaky güwänamalaryň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmen Lideri’nin Kitabının Tanıtım Töreni Gerçekleştirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan we Germaniýa Özara Bähbitli Hyzmatdaşlygyň Kuwwatyny Artdyrýarlar

Aziýanyň Çempionatynyň Öňüsyrasynda

syrach