01.12.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

W.Putin Merkezi Aziýada we Hazarda Durnuklylygy Üpjün Etmekde Moskwa Bilen Aşgabadyň Özara Gatnaşyklarynyň Möhümdigini Belledi

W.Putin Merkezi Aziýada we Hazarda Durnuklylygy Üpjün Etmekde Moskwa Bilen Aşgabadyň Özara Gatnaşyklarynyň Möhümdigini Belledi

Moskwa bilen Aşgabadyň özara gatnaşyklary Merkezi Aziýada we Hazarda durnuklylygy üpjün etmekde möhüm şert bolup durýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda aýdylýar.

«Geçen döwürde rus-türkmen gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Dürli derejede syýasy mazmunly dialoglar, söwda-ykdysady, energetiki, ylmy-tehniki, ynsanperwer we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Moskwa bilen Aşgabadyň özara gatnaşyklary Merkezi Aziýada we Hazarda durnuklylygy üpjün etmekde möhüm şert bolup durýar» diýlip, RF-iň Prezidentiniň hatynda aýdylýar.

Wladimir Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň bilelikdäki tagallalar bilen mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Degişli makalalar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

Aşgabat 2017-niň Tumary Bilen Tanyşdyryş Wideosy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

syrach