16.9 C
Aşkabat
28.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili, Parlamentiň agzasy Baronessa Emma Nikolson Uinterbornyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň gidişini bellediler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde güýçlendirmegiň zerurlygy bellenilip, britan tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny agtarmaga ygrarlydygyny beýan etdi. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna esasy üns berildi.

Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamy barada maslahatlaşylyp, taraplar bilim ulgamyndaky taslamalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler, şeýle hem Beýik Britaniýa Patyşalygynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli makalalar

“Türkmenpoçta” Harytlaryňyzy Öýe Eltip Berme Hyzmatynyň Açylanlygy Barada Habar Berýär

Pan Gi Mun Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen duşuşdy.

syrach

Halkara Synçylary: Türkmenistanda Saýlawlar Ýokary Guramaçylyk Derejede, Giň Bäsdeşlik, Aýanlyk we Açyklyk Ýagdaýynda Geçdi