26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Wideomaslahat Görnüşinde Geçirilen Duşuşygyň Barşynda Özarahereketleriň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideo-maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Wideo-duşuşyga ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-nyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler. Bu babatda taraplar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň we AÖB-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Wideo-duşuşyga gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-nyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Degişli makalalar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Resmi Sapar Bilen Türkmenistana Gelýär

Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden

Gazçylar Daşoguz Şypahanasynda Saglygyny Berkidýärler