15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

XIX Asyra Degişli Tapyndylar Döwlet Muzeýine Tabşyryldy

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar, şeýle-de Taryh we etnografiýa institutlarynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlaryna guralan etnografiýa ylmy-döredijilik saparynyň ikinji tapgyry Balkan welaýatynyň Esenguly, Etrek etraplarynda, Balkanabat, Gumdag şäherlerinde, Jebel şäherçesinde boldy. Bu ýerlerde dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň halk hakydasynda ebedi galan milli mirasymyzyň dürli görnüşleri baradaky gürrüňlerini, gadymy gazallary, hüwdüleri, dessanlary wideoýazgy edilip, aýdym-sazlaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary barada maglumat toplanyldy.
Saparyň dowamynda Etrek etrap şäher Medeniýet öýüniň guramaçysy Çary Saparmämmedow döwletli ojagynda saklap gelýän XIX asyryň ahyrynda dokalan ak öýüň bilguşagyny hem-de çuwaly döwlet muzeýine tabşyrmak üçin berdi.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Halkara Zähmet Guramasy Bilen Özarahereketleri Giňeltmegiň Mümkinçiliklerine Seredilip Geçildi

turkmenhabargullugy

Mekdep Okuwçylarynyň Tomusky Dynç Alşy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy