24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ýaş Türgen Güýjowyň Tomaşaçylarda Täsir Galdyran Ýeňşi

Ýaş Türgen Güýjowyň Tomaşaçylarda Täsir Galdyran Ýeňşi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde sportuň taýboksy görnüşi boýunça ýaryşlaryň ilkinji gününde türkmenistanly Döwletmyrat Güýjow utulyp gelýändigine garamazdan, hytaýly garşydaşy Du Any ýerine düşen bir urgy bilen huşundan gidirip, tomaşaçylarda uzak wagtlap täsir eden ýeňşi gazanmagy başardy.

2015-nji ýyldan ozal sportuň sambo hem-de kuraş görnüşleri bilen, ondan bäri bolsa taýboksy bilen meşgul bolup gelýän bu türkmen türgeniniň Aşgabat 2017-niň taýboksy ýaryşlary gatnaşýan ilkinji uly göwrümli sport çäresidir.

60 hem-de 81 kilograma çenli agyrlyk derejesinde erkekleriň arasynda geçirilmeli 16 tutluşygyň 6 tapgyry ýekşenbe güni geçirildi. 81 kilograma çenli agyrlyk derejesinde göreşýän Güýjow, taýboksy we jiu-jitsu arenasynda ýekşenbe güni geçirilen ýaryşyň dowamynda ringe soňky çykan türgendi.

Ilkinji tapgyrda Güýjow üstün çykmak üçin gaňryş tehnikasyny ulanan hytaýly garşydaşy Du Andan yza galdy. Emma, ikinji tapgyrda Türkmenistanly türgen garşydaşyna ençeme güýçli urgular bilen hüjüm edip, tapgyryň soňky sekuntlarynda bolsa Du Any ýere ýykmak arkaly, utuk sanyny deňledi.

Üçünji tapgyryň başlanmagy bilen, Dunuň ýadawlygy mese-mälim bildirdi. Güýjow bolsa, ýaňy gyzyşana meňzeýärdi. Garşydaşynyň kellesine ýetiren ykjam urgy bolsa, tomaşaçylaryň uly şowhuny astynda, Güýjowy ýaryşlaryň dowamynda garşydaşyny huşundan gidirip, ilkinji ýeňiş gazanan (nokaut) türgen bolmagyna getirdi.

Güýjowyň gyzykly ýeňşinden ozal, 60 kilograma çenli agyrlyk derejesinde göreşen Maksatmyrat Alyýewiň Yrakly garşydaşy Ahmet Al-Saediden ýeňilmegi tomaşaçylary örän lapykeç edipdi. Al-Saedi ýaryşa örän ynamly gatnaşdy, çünki ol garşydaşynyň el-aýagyny gaňyrmak hem-de ýaryş düşekçesine zyňmak arkaly, 30-27 netijeli utuk gazanmagy başardy.

60 kilogram agyrlyk derejesine çenli dünýä çempiony Tailandly Prawit Çilnak utuklarynyň artyk çykmagy arkaly Liwanly garşydaşy Mahmud Gandurdan üstün çykdy.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde taýboksy boýunça geçirilen ýaryşlaryň ilkinji gününiň ýeňijileri barada gysgaça aýtsak, onda 60 kilograma çenli agyrlyk derejesinde ýaryşan Ýerkanat Ospanyň (Gazagystan), gulluk borjuny berjaý edýän Siýowuş Zabirowyň (Täjigistan) hem-de agyr agramlyk derejesinde Luo Çanyň (Hytaý) ýeňişleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Hyzmatdaşlygy, Senagaty Ösdürmek Hem-de Aziada-2017-ä Taýýarlyk Meselelerine Garaldy

Türkmen türgenleri halkara ýaryşynda 27 medala mynasyp boldular!

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy