35.9 C
Aşkabat
01.08.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

ÝB Eýran Bilen Gepleşik Geçirmegi Meýilleşdirýär

ÝB-niň Daşary işlerden jogapkär ýokary wekili Ketrin Aştonyň metbugat geňeşçisi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýa wekilçilik edýän Aştonyň Eýranyň Ýokary howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary we ýadro boýunça gepleşiklerini alyp baryjysy Said Jelilä hat ýazandygyny habar berildi.

Hatda Aştonyň Jeliliniň diýalogyň ýańadandan başladylmagy baradaky islegine bolan hoşallygyny nygtap, duşuşugyň geçiriljek wagtynyň we ýeriniň kesgitlenmegini teklip edendigi ýatladyldy.

Aştonyń hatynda gepleşikleriň güýz aýlarynda başlamagy baradaky umydyny hem beýan edendigi bellenildi.

Eýranyň Daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Aştonyň ońyn çemeleşmesinden soň ýurdunyň jedelleşikli ýadro maksatnamasy bilen baglanşykly gepleşikleriň sentýabr aýynda başlap biljekdigini bildirdi.

ref: www.trtturkmen.com

 

Degişli makalalar

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

syrach

Aşgabatda Täjigistanyň Medeniýet Günleri Açyldy

BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana Bolan Saparynyň Netijeleri Barada Brifing Geçirildi

turkmenhabargullugy