21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Türkmenistanyň Prezidenti Awazadaky Täze Sagaldyş Merkeziniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç alyşyň çäklerinde bu ýerde gurlan 300 orunlyk 12 gatly täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. «Arzuw» sagaldyş merkeziniň çäginde peýda bolan bu merkez Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda döwlet Baştutany «Arzuw» sagaldyş merkeziniň çäginde 600 orunlyk şypahana görnüşli çagalar üçin dynç alyş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy. Şonda täze binalaryň açylyş dabaralary milletiň Lideriniň başlangyjy bilen Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen zehinli çagalaryň «Awaza dostluk mekany» atly III Halkara festiwalynyň çäklerinde geçirildi.

Şu gün Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ulular üçin niýetlenen sagaldyş merkeziniň täze binasynyň gurlup gutarylmagy we dabaraly ýagdaýda tabşyrmaga taýýarlanmagy nebitgaz pudagynyň işgärleriniň we olaryň çagalarynyň dynç almaklary hem-de saglyklaryny berkitmekleri üçin niýetlenen «Arzuw» dynç alyş we sagaldyş toplumynyň binagärlik kompozisiýasynyň jemini jemledi.

Ýelken şekilinde deňziň kenarynda emele gelen belent başly sagaldyş merkezi «Döwlet adam üçindir» diýen şygary baş ýörelge edinýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ählumumy özgertmeler maksatnamasynyň ýene-de bir aýdyň simwolydyr. Bu işde adam ýurduň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär.

«Arzuw» sagaldyş merkeziniň täze binasy we onuň ýanaşyk ýerlerindäki desgalar baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýerde säher bilen baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär, hemme ýerde aýdym-sazyň sesi belent ýaňlanýar. Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, dabaranyň myhmanlary, din wekilleri, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, köp sanly ýaşlar hem-de dabara gatnaşyjylar milletiň Lideriniň gelmegine garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ulagy «Arzuw» sagaldyş merkeziniň baş girelgesiniň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Welaýatyň hormatly ýaşululary milletiň Liderine duz-çörek bilen garşylaýarlar, olar hormatly Prezidentimize ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda alyp barýan ägirt uly işleri üçin hoşallyk sözlerini aýdýarlar, şeýle hem pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnananlar milletiň Liderini ykdysady ylymlaryň, doktory diýen ýokary alymlyk derejäniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Ýaşulular täze Galkynyş eýýamynda mähriban ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly oňyn özgertmeler hakda aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň zähmeti we dynç alyşy üçin dünýä derejesindäki şertleri döretmek, tutuş ýurt boýunça häzirki zaman senagat önümçiligini we durmuş ähmiýetli desgalary, şol sanda ägirt uly dynç alyş we şypahana desgalaryny özünde jemleýän Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny kemala getirmek babatdaky ykbal çözüji başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu ýerde gurulýan her bir täze desga ajaýyp tebigy baýlyklary bolan «Awazanyň» çäginiň dünýä derejesindäki şypahanalar merjenine öwrülmegini şertlendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen görşüp, bu ýere ýygnananlary täze desganyň işe girizilmegi bilen gutlady we dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýerli tebigy şertleriň ajaýyp sagaldyş häsiýetinden, güneşiň we deňiz suwunyň bejerijilik güýjünden, «Arzuw» sagaldyş merkeziniň hödürleýän giň, häzirki zaman hyzmatlaryndan doly möçberde peýdalanmagy arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutany bu şanly waka mynasybetli aýdym-sazly maksatnamany taýýarlan welaýatyň we Aşgabat şäheriniň çeperçilik toparlarynyň mähriban Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän ruhubelent çykyşlaryna tomaşa etdi.

Hormatly Prezidentimiz mähirli garşylandyklary üçin bu ýere ýygnananlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, haly düşelen ýoda bilen sagaldyş merkezine tarap ugraýar.

Täze desga tarap barýarka, milletiň Liderini welaýatyň işgärleri —dürli pudaklaryň zähmetkeşleri tüýs ýürekden mübärekleýärler we Türkmenistanyň Prezidentine günbatar welaýatyň ilaty hem-de tutuş türkmen halky üçin edýän yzygiderli aladasyna hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda Türkmenistanyň Prezidenti simwoliki lentany kesýär we jaýyň içine girýär. Ol ýerde milletiň Liderini ýaşlar gül desseleri bilen garşylaýarlar.

Milletiň Lideri sagaldyş merkeziniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyny ýokary derejeli aşhana gurallary bilen enjamlaşdyrylan restorandan başlady. Bu ýerde dynç alýanlaryň iýmitlenmegi üçin hyzmatyň dünýä standartlaryna laýyk derejesi üpjün edilipdir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze binanyň konferens-zalyna geçýär we ol ýerde «Arzuw» sagaldyş merkeziniň binagärlik we funksional aýratynlyklarynyň panoramasyny görkezýän wideorolik bilen tanyş bolýar.

«Arzuw» sagaldyş merkeziniň täze binasynyň arhitektura keşbi barada aýdanyňda, ol binanyň daşy bilen gurşalyp, iki gatly jaýyň ýokarsynda asmana göterilen ýelken şekilindäki diňden ybaratdyr. Myhmanhananyň örän oňaýly mebeller bilen üpjün edilen, iň häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan otaglary bolup, olarda myhmanhana hyzmatynyň iň ýokary derejesi hödürlenýär. Ýeri gelende aýtsak, «Arzuw» sagaldyş merkeziniň çäginde gurlan myhmanhananyň binasynyň içerki bezegine öwrülen çeper şekilleriň türkmen suratkeşleriniň zehininden dörän surat eserleridigini bellemelidir. Myhmanhananyň zallarynda, otaglarynda goýlan suratlar türkmen zergärleriniň zehininden dörän ajaýyp şaý-sepleri, türkmeniň jana tenekar tebigatyny, halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerini we beýleki şekilleri suratlandyrýarlar. Munuň özi, türkmen suratkeşleriniň çeper eserleriniň halkara derejesindäki kaşaň binalaryň mynasyp bezegi bolup bilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Belent jaýa ýanaşyk duran iki gatly binada anyklaýyş we fizioterapiýa apparatlary oturdylan lukmançylyk otaglary, 165 orunlyk maslahatlar zaly, restoran, bar, türgenleşik zaly we beýleki dynç alyş-şüweleň merkezleri bar.

Ulular üçin niýetlenen bina 300 orunlyk bolup, ol 75 orunlyk 8 kotteji birikdirýän çagalar şäherjigi bilen 600 orunlyk giň naharhanany özünde jemleýän şypahana infrastrukturasynyň iki bölegi üçin hem umumy bolan bir bitewi binagärlik toplumyny emele getirýär.

Wideorolige seretmegi tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jaýyň 12-nji gatyna çykdy, şol ýerde ajaýyp sagaldyş merkeziniň otaglary bilen tanyşdy. «Arzuw» merkeziniň otaglarynyň içgi bezeglerine, häzirki zaman mebellerine we ýokary derejeli enjamlaşdyrylyşyna oňat baha berip, milletiň Lideri dynç alýanlar üçin niýetlenen öz ýurdumyzda öndürilen çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli ýorgan-düşekleri we serwis toplumlarynyň dünýä standartlarynyň derejesine laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol gatyň eýwanyna çykyp, bu ýerden açylýan ajaýyp deňiz panoramasyna we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze gurluşyklaryna, milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça täze Galkynyş eýýamynda olaryň okgunly, sözüň doly manysynda gözüň alnynda özgerýändigine ýokar baha berdi.

Ýokarky gatyň otaglaryny synlamagy tamamlap, hormatly Prezidentimiz aşaky gatlaryň birine düşdi, şol ýerde jaýyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygy dowam etdirdi. Ulular üçin niýetlenen binada maşgala bolup dynç almaga amatly şertleriň döredilendigini belemeli. Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalar üçin otaglar bar. Döwlet Baştutany olaryň birine baryp gördi. Otagda çagalar üçin oňaýly stollar goýlupdyr. Körpeler ol ýerde surat çekmek, şekilleri ýasamak, dürli oýnawaçlary gurnamak bilen meşgullanyp bilerler. Otagdaky çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şadyýan sesleri we goşgulary bilen garşyladylar hem-de milletiň Liderine ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalaryna, şeýle hem olaryň ene-atalarynyň oňaýly dynç almaklary üçin döredýän mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutany bu şanly wakadan ýadygärlik hökmünde çagalar we hormatly ýaşulular bilen surata düşdi. Bu surat nesilleriň gatnaşygynyň özboluşly simwolyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman kompýuter tehnikasy hem-de çagalaryň uly isleg bildirýän ýeri bolan stoluň üstünde oýnalýan oýun abzallary bilen enjamlaşdyrylan otaglary synlady.

Soňra döwlet Baştutany täze desga bilen tanyşlygyň barşynda bilýard oýnalýan zala baryp gördi. Zalda bütin dünýäde meşhur bolan bu oýun üçin ähli şertler döredilipdir.

Milletiň Lideri binadan çykmazdan öňürti merkeziň konfrens-zalyna bardy we ol ýerde hökümet Baştutanynyň orunbasarlarynyň hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda gysgaça maslahat geçirdi. Döwlet Baştutany maslahatyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen giňeldilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda kemala gelýän täze deňiz şypahanasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň baş maksady deňiz kenarynyň tebigy serişdeleriniň we syýahatçylygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, bu ýerde türkmenistanlylaryň döwrebap dynç almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Çünki, adamlar, olaryň abadançylygy we sagdynlygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutýan ugry bolup durýar. Şeýle hem türkmen topragynyň iň bir gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ilkibaşdaky taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly, dünýä derejesindäki şypahana toplumyna we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler. Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Awazada» dünýäniň dürli ýurtlarynyň zehinli çagalaryny bir ýere jemlän çagalar döredijilik festiwaly üstünlikli geçdi. Şeýle hem geljekde bu ýerde halkara ähmiýetli dürli çäreler geçiriler diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde Hazaryň kenarynda syýahatçylyk infrastrukturasynyň häzirki zaman desgalarynyň birnäçesi guruldy we hereket edýär diýip bellemek bilen, bu işleriň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we «Awazanyň» özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalarda dizaýnçylaryň täzeçillik çözgütleri, öňdebaryjy inżener-tehniki pikirlenmeler we ähli taslamalaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi hem-de bu ýerde dynç alýanlara hödürlenýän hyzmatlaryň giň ugurlary we ýokary derejesi öz beýanyny tapmalydyr diýip nygtady.

Maslahat tamamlanandan soň, Milletiň Lideri hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgyny galdyrýar.

Soňra döwlet Baştutany sagaldyş merkeziniň daşyna çykýar we sportuň suwdaky we plýażdaky görnüşleri boýunça ýerine ýetirilen görkzeme çykyşlaryna tomaşa edýär. Hazaryň kümüşsow tolkunlaryň arasynda windserfingçiler, şeýle hem deňiz motosiklçileri öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar ýokary pilotażyň öwrümleri bilen çykyş etdiler. Ýol ugruna çagalar döredijilik toparlary, şeýle hem belli estrada ussatlary we tans ansambllary özleriniň şadyýan aýdym-sazlary, tanslary bilen döwlet Baştutanyny mübäreklediler.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, «Arzuw» sagaldyş merkezinden ugrady.

«Çarlak» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygy we täze dynç alyş-şypahana desganyň ulanmaga berilmegi, şeýle hem «Türkmendeňizderýaýollary» müdirliginiň Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwrülmegi mynasybetli sadaka berildi. Pudagyň işgärleri ýurdumyzyň deňiz we derýa flotunyň infrastrukturasyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk sözlerini we hoşniýetli arzuwlary aýtdylar hem-de mähriban Watanyň gülläp ösmeginiň, rowaçlygynyň hatyrasyna ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

NASA Howa Çalşygy Boýunça Emeli Hemra Uçurdy.

syrach

Oland Putin bilen duşuşdy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach