37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar WİDEO

Ýeňil Atletika Başlamaga Taýýar Duruň!

Ýeňil Atletika Başlamaga Taýýar Duruň!

Ýapyk bina ýeňil atletika toplumy ýaryş geçiriljek üç günüň dowamynda dabaraly şowhuna beslener. 5 000 orunlyk desgada ýaýlyma bermek hem-de ýaryşy gurnamak üçin ähli şertler döredilendir. Bu ajaýyp bina gowşuryljak 26 sany altyn medala mynasyp bolmak üçin türgenlerde bar güýji bilen, ýokary derejede çykyş etmäge höwes döreder.

Türgenler ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri, şol sanda uzaklygyna bökmek, üçürdikläp bökmek, syrykly bökmek we beýikligine bökmek; 60m, 400m, 800m, 1500m, 3000m aralyga ylgamak, 60m päsgelçilikli ylgamak we 4×400 estafetalar; zenanlaryň arasynda bäş görnüşli ýaryş we erkekleriň arasynda ýedi görnüşli ýaryş hem-de ýadro iteklemek boýunça ussatlygyny görkezerler. Bu desgada tomaşaçylar ýatdan çykmajak pursatlaryň we dartgynly ýaryşlaryň şaýady bolarlar.

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar 18-20-nji sentýabrda geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna Bagyşlanan Leksiýa Gurnaldy

On Üçünji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: Gatnaşyklary Ösdürmegiň Täze Strategiýasy

turkmenhabargullugy