15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ýer Eýeleriniň Üstünliginde Geçen Tapgyr

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi. Bu tapgyrda geçirilmeli «Altyn Asyr» bilen «Şagadam» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 17-nji iýuna süýşürilendigini ýatladýarys.

Tapgyryň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» bilen Marynyň «Energetik» toparlary duşuşdy. Bu duşuşykda netijeli oýun görkezen Said Seýidowyň tälim berýän paýtagtymyzyň topary 1:0 hasabyndaky ýeňşini gazandy.

Maryda geçen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» garaşylmadyk ýagdaýda 3:0 hasabynda «Merwden» ýeňildi. Balkanabatda «Nebitçi» bilen duşuşan «Köpetdag» topary hem ýeňlişe sezewar boldy. Ýerli topar garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 18 utukdan toplan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» ýaryş tertibinde ýokarky orunlary eýeleýärler. «Altyn Asyryň» özaralaryndaky duşuşyklaryň netijesinde öňdäki orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyry 27-nji hem-de 28-nji maýda geçirilip, onda «Aşgabat – «Merw», «Energetik» – «Nebitçi», «Şagadam» – «Ahal» hem-de «Köpetdag» – «Altyn Asyr» toparlary duşuşarlar.

10-njy tapgyryň netijeleri:

«Aşgabat» – «Energetik» – 1:0

Gol: 12 Meýlis Rizaýew, öz derwezesine («Energetik»)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

«Nebitçi» – «Köpetdag» – 2:1

Gollar: 38 Aşyrgeldi Ylýasow, 54 Kerim Hojaberdiýew («Nebitçi») – 23 Resul Mahmudow («Köpetdag»)

Duýduryşlar: 34 Saýat Gulyýew, 39 Musaguly Çaryýew, 74 Batyr Geldiýew («Nebitçi»)

Meýdandan çykarylan: 45+2 Musaguly Çaryýew, ikinji duýduryş («Nebitçi»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Berdimämmetd Atdyýew (Tejen ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 3000

«Merw» – «Ahal» – 3:0

Gollar: 30, 38 Perman Hallyýew, 90 Alibek Abdyrahmanow («Merw»)

Bellik: duşuşygyň 61-nji minutynda Elman Tagaýew («Ahal») 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýduryşlar: 66 Söhbet Allanurow, 79 Gurbanguly Aşyrow («Ahal»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 3000

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Okuwçylaryň Sport Bäsleşikleri

Ýurdumyzyň Ýaş Küştçüleriniň Iň Ökdeleri Mälim Edildi

syrach

V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komiteti Aşgabat 2017-ä Gatnaşmak Üçin Petekleriň Bahalaryny Yglan Etdi

turkmenhabargullugy