29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 5 Aýynyň Jemleri Jemlenildi

ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 5 Aýynyň Jemleri Jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda nebitgaz toplumynyň 2017-nji ýylyň geçen bäş aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen meýilnamalar dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler.

Habar berlişi ýaly, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnama 105,2 göterim, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,7 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 105,7 göterim ýerine ýetirildi.

Birnäçe nebit önümleriniň, şol sanda benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,4 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlaryny özleşdirmekde 11,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Mundan başga-da, hasabatlarda gaz we nebit ýataklaryny gözlemäge gönükdirilip geçirilen gözleg-barlag işleri, 2D we 3D seýsmiki barlaglar, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň çäreleri, gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak, ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilişi, ondan howpsuz we tygşytly peýdalanylyşy, şeýle hem onuň sarp edilişini ölçeýän hasaplaýjylaryň oturdylyşy barada habar berildi.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer Maksat Babaýew ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Degişli makalalar

Türkmen Talyplary Halkara Matematika Ders Bäsleşiginiň Bürünç Baýragynyň Eýeleri

Ýük Daşaýjylar Üçin Onlaýn-Hyzmatlar

Ýoluň Ak Bolsun, “Ak Kerwen”!

syrach