21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

Ykdysadçylaryň Halkara Ýeňişleri

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary nobatdaky halkara intellektual bäsleşikleriniň netijeleri boýunça baýrakly orunlaryň üçüsini gazanmagy başardylar. Bu sapar ýurduň ýokary ykdysady okuw mekdebiniň wekilleri Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasy) Ylym we döredijilik jemgyýeti (YDJ) tarapyndan guralan telekeçilik we zähmet hukugy boýunça distansion olimpiada gatnaşdylar. 

Biziň ýurdumyzyň ykdysady ýokary okuw mekdebiniň talyplary – YDJ taslamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikleriň däbe öwrülen baýrakçylarydyr. Meselem, bu institutyň wekilleri şu ýylyň fewralynda olaryň biriniň – Sosiologiýa boýunça Halkara distansion olimpiadasynyň diplomantlary boldular. 

Ynha indi bolsa bu ýokary okuw mekdebinde nobatdaky baýrakçylar hormatlandy. Olar – marketing fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Annageldi Atabaýew we 3-nji ýyl talyby Silapberdi Öwezow dagylardyr. Olar degişlilikde Telekeçilik boýunça geçirlen olimpiadada ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Simwoliki hormatyň üçünji basgançagynda – zähmet hukugy boýunça wirtual inttellektual ýaryşda tapawutlanmagy başaran Menejment fakultetiniň ikinji ýyl talyby Ogulşirin Meretliýewadyr.

Degişli makalalar

«Ak Şäherim Aşgabat» Atly Köpugurly Halkara Sergi

Birża täzelikleri

syrach

Germaniýada Türkmen-German Işewürler Maslahaty Geçirildi

turkmenhabargullugy