25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Ýylyň parlak ýyldyzy” aýdym-saz bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Türkmenistana ilkinji gezek gelýänler biziň adaty günlerimiziň hem baýramçylyk ruhundadygyna magat göz ýetirýärler. Tele we radioýaýlymlarda eşitdirilýän aýdym-sazlar, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki açyk sahnalarda, ýokary okuw mekdeplerinde hem-de mekdepleriň sport meýdançalarynda geçirilýän höwesjeň hem-de ussat ýerine ýetirijileriň köp sanly çykyşlary we beýleki medeni çäreler göwünleri göterýär. Däp bolşy ýaly, çäksiz şatlykly we söýgüli baýramymyz bolan Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanda baýramçylyk medeni çäreleri – konsertler, bäsleşikler we döredijilik çäreleri giň gerime eýe bolýar. Indi üçünji gezek geçirilýän şeýle çäreleriň biri-de “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigidir, ol tamamlanyp barýan ýylyň dabaraly medeni wakalarynyň biri boldy.

Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge we Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz sungatyny ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, şeýle hem “Türkmen owazy” teleýaýlymy hem-de “Owaz” radioýaýlymy tarapyndan guralýan bäsleşigiň seçip alyş tapgyrlary 2011-nji ýylyň bütin dowamynda geçirildi.

Şunça wagtyň dowamynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler ýörite gepleşiklerde zehinli ýaşlaryň başarnygyna olaryň çykyşlary boýunça baha bermäge hem-de SMS habarlaryň we telefon jaňlarynyň üsti bilen ol ýa-da beýleki aýdymça öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar. Bu medeni çäräniň dowamly geçirilmegi we oňa köp adamlaryň gatnaşmagy jemleýji tapgyrda meşhur aýdym-saz görnüşiniň iň ussat wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etdi, olaryň onusy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alyndy, şol tapgyr ýakynda Maslahat köşgünde geçirildi.

Geçen ýyllarda ýaşdygyna garamazdan, eýýäm meşhurlyk gazanan estrada aýdymçylary Jahan Tagyýewanyň we Begmyrat Annamyradowyň

“Ýylyň parlak ýyldyzy” atly göçme Kubogyň eýeleri bolandyklaryny bellemek gerek.

Şu ýyl olaryň has ussadyny seçip almak ýeňil bolmady, çünki bäsleşik zehinli aýdymçylaryň 2009-njy we 2010-njy ýyllardaka garanyňda has köpüsini ýüze çykardy. Tomaşaçylaryň işjeň gatnaşmagy hem-de milli tele we radioýaýlymlaryň aýdym-saz redaksiýalaryna ýollan köp sanly SMS habarlary, telefon jaňlary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden diňleýjileriň göwnünden turan iň meşhur aýdymçylar kesgitlendi.

Bäsleşigi guraýjylaryň aýtmaklaryna görä, “Ýylyň parlak ýyldyzyny” seçip almaga tomaşaçylaryň ýollan habarlary ýeterlik bolmady. Şonuň üçin hem estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzda giňden tanalýan medeniýet we sungat işgärleri, meşhur aýdymçylar hem-de sazandalar, artistler, döredijilik işgärleri çagyryldy, olar şol gün tomaşaçy we talapkär emin agzalary boldular, olaryň her bir sesi abraýly bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemegiň ýiti bäsleşiginde aýgytly bolup durýar.

Bäsleşigiň şertine görä, jemleýji tapgyrda oňa gatnaşýanlar iki aýdym aýtmaly, özi-de şol aýdymlaryň birini sazsyz ýerine ýetirmeli. Eminler her bir aýdymçynyň aýdym-saz başarnygyny, sesiniň belentligini we owazlylygyny ýüze çykarmak üçin hut şu talaby bildirdiler. Mundan başga hem, şeýle synag ýaş aýdymçylaryň ussatlyklaryny we tomaşaçylar bilen gatnaşyk etmekde alçaklygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagatlap dowam etdi, ýöne bäsleşige Maslahat köşgünde ýaňlanan ajaýyp owazlar döredijiligiň ruhubelentligine has uly ruhubelentlik çaýdy. Owadan bezelen zal, şugla saçýan arça we köp dürli täze ýyl bezegleri bu bäsleşigiň baýramçylyk keşbini has artdyrdy. Jemleýji konsertiň barşynda tomaşaçylar ýörite kartoçkalaryň kömegi bilen ses berdiler, emin agzalary bolsa her bir aýdymçynyň çykyşyndan soň öz pikirini aýtdy.

Sesler sanalýan mahaly aýdym-saz sungatynyň ussatlary sahna çykyp, şol agşamda söýgüli aýdymlaryny eşitdirmek bilen bu ýere ýygnananlaryň göwnüni göterdiler.

Alypbaryjy bäsleşigiň jemini yglan edýär. Şol pursat şowhunly elçarpyşmalar ýaňlanýar. Bu döredijilik bäsleşiginde Türkmen milli konserwatoriýasynyň bäşinji ýyl talyby, belent owazly aýdymçy Atajan Berdiýew “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy. Diňe bir tomaşaçylaryň däl, eýsem, emin agzalarynyň hem köpüsi ony ussat aýdymçy hasaplap, öz seslerini berdiler. Atajan öňräkden bäri tomaşaçylara oňat tanyşdyr. Bu ýylyň parlak ýyldyzy köp öwüşgünli sesi we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen özüni görkezdi. 2003-nji ýylda höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy onuň döredijilik ýolunyň başyny başlady. Şu ýyllaryň içinde Atajan kämilleşdi we ine, bu gün bäsleşikde mynasyp ýeňiş gazandy.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” Kubogyny gowşurmak üçin milli sungatymyzy kemala getirmäge we ösdürmäge ägirt uly goşant goşan hem-de türkmen medeniýetiniň gülläp ösýän döwründe tejribesine aýratyn sarpa goýulýan ýurdumyzyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa sahna çykýar. Türkmen aýdym-sazynyň ussady, görnükli artist ýaş aýdymça hoşniýetli arzuwlaryny we paýhasly ündewlerini aýdyp, häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çynlakaý aladasy netijesinde döredijilik ukyplaryny açmak hem-de durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýratyn belledi.

Atajan Berdiýew hem bäsleşigiň özünde galdyran täsirleri we geljekki arzuwlary barada söz açyp, TDH-nyň habarçysy bilen söhbetdeşliginde muny aýratyn nygtady:

–“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi ruhubelent ýagdaýy, owazlylygy, hyjuwlylygy bilen döwrüň ruhuna özgertmeleri we täzelenmeleri ruhlandyrýan depginli äheňlerine laýyk gelýär. Biziň milli Liderimiziň atalyk aladasyny hemişe duýmak bilen türkmen ýaşlary öz zähmeti we başarnygy bilen ýurdumyzy gülledip ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Türkmenistanda bolup geçýän milli özgertmeler biziň öňümizde barha täze gözýetimleri açýar, ýurdumyzyň ýaşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp hem-de asylly başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýaşlyk hyjuwy bilen işjeň gatnaşýarlar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň hemmesiniň ýeňiş gazanmagy arzuw edendigine, şoňa çalşandygyna garamazdan, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde adymyň tutulmagynyň özüm üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny boýun alýaryn. Megerem, her bir bagtly pursatda haýsydyr bir haýran galmak, ýakymly tötänlik bolup geçýär. Men bäsleşikde özümi goldan ähli diňleýjilere we emin agzalaryna çäksiz hoşallyk bildirýärin. Munuň özi göwnüňi göterýär we köp zatlara borçly edýär. Men tomaşaçylaryň, öz mugallymlarymyzyň we halypalarymyzyň umytlaryny ödemäge çalşaryn. Dogry, men artistlikde öz yzymy galdyrmagy arzuw edýärin, ýöne bu esasy maksat däldir, eýsem, ösüşe tarap ýoldur. Öz aýdymlarym bilen adamlara şatlyk, ruhubelentlik eçilmegi arzuw edýärin. Häzirki ajaýyp döwrümiz göwünleri galkyndyrýar. Men Watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýärin.

Bu aýdym-saz bäsleşiginde degişlilikde birinji we ikinji orny eýelän Eldar Ahmedowa we Aly Alyýewe gymmatly sowgatlar gowşuryldy, “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp bolan bolsa daşary ýurda syýahatçylyk ýollanmasy bilen hem sylaglandy.

Bäsleşigiň tamamlanmagy bilen biziň ýurdumyzyň aýdym-saz durmuşynyň tamamlanmaýandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, geçen aýda Aşgabatda “Ýewraziýanyň ýyldyzy” atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň milli seçip alyş tapgyry boldy. Ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginde Söhbet Kasymow türki dilli ýurtlaryň ýerine ýetirijileriniň hatarynda bu bäsleşikde biziň ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk aldy.

Häzirki wagtda bu zehinli aýdymçy aralyk halkara tapgyrlarynda beýleki ýurtlardan oňa gatnaşyjylar bilen mynasyp bäsleşýär, şol tapgyrlar eýýäm Demirgazyk Kiprde, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Azerbaýjanda geçirildi, şol ýerde Söhbet tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy we täze janköýerlerini gazandy. Täze ýylyň ilkinji günlerinde ol bäsleşigiň beýleki ýeňijileri bilen bilelikde Türkiýede synagdan geçer, soňra bolsa nobatdaky bäsleşik tapgyryny türkmen paýtagty kabul eder.

Munuň özi biziň ýurdumyz üçin medeniýetimizi we sungatymyzy halkara sahnasyna çykarmak üçin ýene-de bir ajaýyp mümkinçilikdir. Türkmen topragynyň ussatlara baýdygyny, türkmen halkynyň döredijilik hyjuwynyň ýokarydygyny biziň hemmämiz oňat bilýäris. Mahlasy, Türkmenistana bu täze halkara taslamasynda milli sungatymyzyň däplerinde dowam edýän, zehinli aýdymçylaryň göwünleri galkyndyrýan joşgunly döredijilik gujur-gaýratyny, özboluşly medeni mirasyny görkezmäge uly mümkinçilikler bardyr.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Mähriban Halkym! Eziz Watandaşlar!

syrach

Prezidentimiz Paýtagtymyzy Ösdürmek Maslahatyny Geçirdi.

syrach

Özara Bähbitli Hyzmatdaşlygy Has-da Giňeltmek Ýoly Bilen

syrach