29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ýokary Okuw Mekdeplerinde «Açyk Gapylar» Güni Geçirilýär

Ýokary Okuw Mekdeplerinde «Açyk Gapylar» Güni Geçirilýär

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de onuň Balkanabatdaky bölümçesinde, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 6-njy we 20-nji maýda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» güni geçirilýär. Şu günler 2017-2018- nji okuw ýylynda şu ÝOM-lara okuwa girmäge isleg bildirýänleriň her biri bu ýere gelip, fakultetler we hünärler bilen tanşyp bilerler, giriş üçin zerur bolan resminamalar barada maglumat alyp bilerler. Şeýle hem bu ÝOM-lara okuwa girmek isleýänler fakultetlerde we hünärlerde alnyp barylýan okuwlar bilen jikme-jik tanşyp bilerler. Mundan başga-da, myhmanlar ÝOM-laryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen binalary, hususan-da, barlaghanalar, sport toplumlary hem-de umumy ýaşaýyş jaýlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Isleg bildirýänleriň ählisi «Açyk gapylar» gününe şu salgylar boýunça gelip bilerler:

Halkara nebit we gaz uniwersiteti – Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 8-nji jaý.

Telefonlar: 39-13- 05, 39-13- 18;

Uniwersitetiň Balkanabatdaky bölümçesi – Balkanabat şäheri, G.Annaýew köçesi, 76-njy jaý.

Telefonlar: 4-93- 62, 2-19- 98;

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty — Aşgabat şäheri, B.Annanow köçesi, 136-njy jaý.

Telefonlar: 28-18- 04, 28-18- 47, 28-18- 54.

Çeşme:  oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Milli howa ulgamynyň üsti täze häzirki zaman uçar bilen ýetirildi.

syrach

«Google» Kompaniýasy Nýu-Ýorkuň Raýatlaryna Täze Hyzmat Hödürledi

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar

turkmenhabargullugy