26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ýurdumyzyň Iň Oňat Etrabyna Sylag Gowşuryldy

Ýurdumyzyň Iň Oňat Etrabyna Sylag Gowşuryldy

Lebap welaýat häkimliginde 2016-njy ýylda ýurdumyzda iň oňat etrap diýen ady almak ugrunda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan bäsleşikde ýeňiş gazanan Farap etrabyna mynasyp bolan sylagyny gowşurmak dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyl welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda geçirilýän iň nusgalyk etrap diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri hökümetiň mejlisiniň geçen ýylda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işleriniň netijelerine bagyşlanylyp, 13-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşiň ähli görkezijileri boýunça gazanan ýokary üstünlikleri üçin Lebap welaýatynyň Farap etrabyny ýeňiji diýip yglan etmek hem-de ony ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, döwletiň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak baradaky yzygiderli aladasy, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny” hem-de döwlet ähmiýetli beýleki uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba ýaşaýjylarynyň durmuşyny düýpli özgerden iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy.

Muňa Lebap welaýatynyň Farap etraby hem subutnama bolup biler. Bu ýerde hem, biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, senagat kärhanalary, durmuş ähmiýetli desgalar guruldy we gurulýar, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmak, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylda häzirki zaman agyzsuwy zawody ulanmaga berildi. Amyderýanyň üstünden geçýän möhüm ulag desgalary bolan awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji birnäçe ugurlar boýunça kesgitlenildi. Ýörite topar tarapyndan ýylyň dowamynda bugdaý we pagta ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi, möhüm desgalaryň gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi bilen baglylykda sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň hem-de ilatyň iş bilen üpjünçilik, daşky gurşawyň ekologiýasy, medeni dynç alyşyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň edilişiniň meseleleriniň çözülişi, ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga goşulyşy ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen gutladylar hem-de munuň öz yhlasly zähmeti bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşini has-da artdyrýan oba zähmetkeşleri üçin mynasyp nusga boljakdygyny bellediler.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge özleriniň goşan goşandyna beren ýokary bahasy, türkmenistanlylaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin mynasyp şertleri döretmek ugrundaky ýadawsyz aladalary üçin döwlet Baştutanymyza uly hoşallyk bildirilýär.

Farap etrabynyň dolandyryş merkezinde çäreler dowam etdi. Türkmen pälwanlarynyň bäsleşikleri, halk oýunlary, ýüpüň üstünden ýöräp geçýänleriň çykyşlary, welaýatyň folklor toparlarynyň çykyşlary onuň bezegine öwrüldi. Baýramçylyk konsertinde döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy hem-de häzirki bagtyýar zamanamyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Degişli makalalar

Hususylaşdyrmak Hakynda

Türkmen-Malaýziýa Işewürler Maslahaty

syrach

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy