24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýurtlaryň we Halklaryň Durnukly Ösüşiniň Belent Maksatlarynyň Bähbidine

Ýurtlaryň we Halklaryň Durnukly Ösüşiniň Belent Maksatlarynyň Bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýan Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde oýlanyşykly syýasaty yzygiderli amala aşyryp, iri taslamalaryň başyny başlaýar. Olar ýurtlaryň we halklaryň parahatçylygyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine tarap ýolda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Milli ösüşiň ägirt uly gerimleri hem–de daşary syýasy strategiýany amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň çäklerinde sazlaşykly utgaşýar.

Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini gazanmagyna ýokary baha berýär. 12-nji dekabr — Bitaraplyk güni öz ähmiýeti boýunça milli baýramçylygyň çäklerinden çykýar hem-de taryhy döwrüň gerimleri we täze asyryň ählumumy çylşyrymly hadysalarynyň ýeňil bolmadyk şertlerinde ösüşiň geljekki wezipeleri bilen ölçelýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we çözmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýär. Galyberse-de, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary diňe goňşy döwletleriň çäklerinde däl-de eýsem, umumadamzat möçberinde özara gatnaşyklary giňeltmek, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, sebit hem-de ählumumy geosyýasy wezipeleri çözmek üçin şertleri döredýär.

Häzir dünýä bileleşigi türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda döwletimiziň artan daşary syýasy serişdeleri parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin syýasy-diplomatik gurallary hökmünde ulanylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň, geosyýasy we milli bähbitleri berjaý etmegiň hem-de ylalaşmagyň esasynda ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Bitarap Türkmenistanyň umumy dünýä özgerişliklerine çemeleşmeleriniň netijeliligi we oýlanyşyklylygy ähli döwletleriň we halklaryň özara dününişmegini we ynanyşmagyny, deňhukuklylygyny berkitmäge, bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem ylalaşdyryjylyk gatnaşyklarynyň netijeli tejribesini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny özünde sazlaşykly utgaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatynda eden çykyşynda döwletimiziň strategik maksatlarynyň dünýä ösüşiniň wezipeleri hem-de umumy talaplary bilen gabat gelmeginiň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalarynyň häsiýetini hem-de ugruny kesgitleýändigini aýratyn belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzir sebitde Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň ýene-de zerur bolup, ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak, ýaragsyzlanmak we ýaraglary azaltmak boýunça sebit işlerine ýardam etmek, suw-energetika meselelerini sazlaşykly çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meselelerde BMG-niň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýyl ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyny we has-da berkändigini äşgär etdi. Üstünlikli milli ösüş tapgyrlaýyn gazanylanlar bilen utgaşyp, olaryň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly başlangyçlary durýar. Şol başlangyçlar netijesinde döwletimiziň jemgyýetçilik ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze belentliklerine ýetildi.

Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny, döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň takyklygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzdaky syýasy durnuklylyk, parahatçylyk we asudalyk, jemgyýetçilik, döwlet durmuşyny demokratiýalaşdyrmak özgertmeleriniň giňelmegi, raýat, milletara we dinara ylalaşyk, ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, adam hukuklarynyň ileri tutulmagy—bularyň hemmesi Türkmenistanyň hem-de onuň Lideriniň halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyna hyzmat edýär. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlary hem-de halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli giňelmegi bilen berkidilýär. Sebitiň ylalaşdyryjy merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen örän ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär we üstünlikli amala aşyrýar.

Ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki iri forumlaryň hem-de konferensiýalaryň belent münberlerinden öňe sürlen, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça başlangyçlary we teklipleri amala aşyrmaga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. 2016-njy ýylyň 26—27-nji noýabrynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat şonuň aýdyň subutnamasy bolup, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Onuň işiniň barşynda beýan edilen başlangyçlar ulag-aragatnaşyk ulgamynda köpugurly gatnaşyklaryň sazlaşykly nusgasyny döretmegiň ylalaşylan gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitiň ykdysady ösüşine goşandyna ýokary baha berip, Durnukly ösüşiň maksatlary babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe ähmiýetli halkara başlangyçlaryny aýratyn bellediler. Türkmenistan sebitde ekologiýa meselelerini, energetika howpsuzlygy we durnukly ulaglar bilen bagly meseleleri çözmekde utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne alandygy bellenildi. Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň — Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň ulanylmaga berilmegi hakyky taryhy waka boldy. Transmilli polat ýoly Ýewropa, Aziýa-Ýuwan umman hem-de Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrülip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder, millionlarça adamlaryň bähbidine hyzmat eder.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda ösen ulag-üstaşyr düzüminiň döredilmegini ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi. Ony döretmegiň çäklerinde ýakyn wagtda sebitde iri inženerçilik taslamalarynyň ýene-de biri—Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri ulanylmaga berler.

Häzirki döwrüň döwletimiz üçin çuňňur ähmiýeti eziz Watanymyzyň täze taryhyndaky uly seneleriň ikisinde öz beýanyny tapdy. 2015-nji ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bar. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahat maksatnamalaýyn çäreleriň esasyny düzdi. Şanly sene milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine hem-de dünýä giňişliginde netijeli ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryna esaslanan daşary syýasy ugrunyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolan oňyn syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistana iki gezek berkiden hemişelik Bitaraplyk derejesi hem-de ýurdumyzyň milli, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine üstünlikli amala aşyrýan bitaraplyk syýasaty öz beýanyny tapýar.

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň halky ýene-de bir taryhy senäni — ýurdymyzyň köp asyrlyk taryhynda täze sahypany açan, gadymy türkmen topragynda erkin we abadan durmuşy gurmak mümkinçiligini beren döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny dabaraly belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan” diýen kitabynda döwletimiziň döreýşiniň we häzirki zaman ösüşiniň düýpli esaslaryny hemmetaraplaýyn häsiýetlendirdi. Bu kitapda Watanymyzyň döwlet özygtyýarlylygynyň çärýek asyrlyk senenamasy getirilýär. Möhüm wakalaryň üsti bilen diňe bir taryh babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi babatda hem Garaşsyzlygyň ähmiýeti görkezilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçmiş häzirki zamana, häzirki günüň hem-de geljegiň gymmatlyklaryna has doly hem-de aýdyň düşünmäge hyzmat edýär, geçen 25 ýylyň içinde aň-düşünjelerde, halkyň medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Döwlet özygtyýarlylygy milli ruhy we maddy gymmatlyklary, şeýle hem türkmen halkymyzyň kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän ynsanperwer däp-dessurlaryny täzeden dikeltmäge amatly mümkinçilikleri döretdi.

Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň jebisligini we mäkämligini, halkymyzyň taryhy ýolunyň hem-de amala aşyran işleriniň beýikligini alamatlandyryp, halkara derejesinde döwletimiziň belent abraýyny we tutýan ornuny görkezýär. Bular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän depginli hem-de yzygiderli daşary syýasat strategiýasynda aýratyn-da aýdyň şöhlelenýär. Hemişelik Bitaraplyk mazmuny we ähmiýeti boýunça bir ýurduň çäklerinden çykýar. Häzir bu derejä geosyýasy deňagramlylygy, Merkezi Aziýada hem-de umuman, Ýer ýüzünde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm ýagdaýy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan äşgär düşünilýär.

Halkara derejesinde döwletimiziň we onuň Lideriniň abraýy hemme döwürlerdäkiden ýokarydyr. Daşary syýasatda häzirki zamanyň aýratyn ýagdaýy hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygy onuň zerurlygy bilen giň syýasy gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň anyk guraly hökmünde has-da möhüm häsiýete eýe bolýar. Şunda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen düýpli wezipeleri nazara alnyp, ylalaşyklary gazanmaga ymtylyş has belent orun tutýan ýörelgeler bolup durýar. Şoňa görä-de, türkmen Bitaraplygynyň açyklyk we parahatçylyk söýüji häsiýeti hem-de onuň döwrüň meselelerini bilelikde tapmaga we çözmäge gönükdirilenligi ýöne ýerden bolman, onuň oňyn täsir edişiniň geografik çäklerini hem köp babatda BMG-niň belent münberinden Türkmenistanyň Baştutanynyň beýan eden ählumumy başlangyçlarynyň netijesinde görnetin giňeldýär.

Konstitusion derejede jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip yglan edilen Türkmenistanda her bir raýat barada düýpli alada edilýär. Özgertmeler ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrylmaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim, ylym we medeniýet (ÝUNESKO) meseleleri boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berýär. ÝUNESKO BMG-niň möhüm düzümleýin bölümleriniň biridir. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar döwür üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanylmagy hem-de netijeli işlemegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň aýdyň tassyknamasyna we Türkmenistanyň ynsanperwer meselelere, aýratyn-da, halkyň baý we täsin medeni gymmatlygyny täzeden dikeltmäge, gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge neneňsi uly ähmiýet berýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň mirasa döredijilikli çemeleşmesini umumylaşdyrylan häsiýetde beýan edip, häzirki wagtda biziň köp asyrlyk taryhymyzyň häzirki gün bilen ysnyşykly, sazlaşykly gatnaşygyny üpjün etmek boýunça, şeýle hem umumadamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryna dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de şol mirasy öwrenmek boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny nygtaýar. Şu esasda ertir ýurdumyzy üstünligiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine alyp gitmek wezipesi garaşýan ýaş nesillere milli-ruhy hem-de medeni-taryhy miras geçirilýär. Türkmen halkynyň ýaşlary terbiýelemek boýunça däpleri öz kökleri bilen asyrlaryň jümmüşine aralaşýar. Şol däpler özüniň uzak taryhynyň dowamynda kämilleşdirildi hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä garaýyşlary bilen birlikde ruhy-ahlak ýörelgeli jemgyýetde kabul edilen iň oňat däpleri özüne siňdirdi we şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň özara gatnaşyklarynyň ähli çäklerini şöhlelendirdi.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly topragynda beýik siwilizasiýalar dörän Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy köklerini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde Ýaşlar maslahatynda çykyş edip, “Merdana halkymyzyň milli däp-dessurlary nesilleriň we döwürleriň arasyny üznüksiz baglanyşdyrýar. Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahabatlylyk, akýüreklilik, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik, ulyny sylamak, ruhy we ahlak taýdan arassalyk, baý milli medeniýete eýe bolmak halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalarydyr. Bu ajaýyp däp-dessurlar mähriban halkymyzyň mizemez agzybirliginiň synmaz kepilidir” diýip nygtady.

Ýurdumyzda zehinli ýaşlary üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralary açylýar. Orta umumy bilim berýän mekdeplerde okatmagyň iň täze maksatnamalary ornaşdyrylýar. Orta hünär bilimi täze derejä çykýar, döwrebap maddy-tehniki üpjünçiligi hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň has oňaýly düzümi bolan hünär beriş mekdepleriň netijeli ulgamy kemala getirilýär. Mugallym işgärlerini taýýarlamak, täzeden taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynyň kämilleşdirilmegi dowam edýär. Ýaşlaryň milli we halkara ylmy maslahatlarynyň, festiwallaryň, ders bäsleşikleriniň, bilim bäsleşikleriniň, okuw maslahatlaryň, ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijilik sergileriniň, mekdep okuwçylary üçin ylmy-ülkäni öwreniş saparlarynyň hem-de şunuň ýaly beýleki çäreleriň geçirilmegi zehinli oglan-gyzlaryň ýüze çykarylmagyna, olaryň ylym dünýäsine aralaşmagyna, türkmen ylmyny öňe ilerletjek alymlaryň ýaş nesillerini taýýarlamak üçin şertleriň döremegine ýardam berer.

2008-nji ýylda döredilen DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty hormatly Prezidentimiziň diplomatik işgärleriň mynasyp neslini taýýarlamak baradaky atalyk aladasynyň aýdyň mysalydyr. Onda geljekki diplomatlar üçin zerur bolan dersleriň giň görnüşleri öwrenilýär. Institutyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, okuw maslahatlary, öwreniş sapaklary, ders okuwlary hem-de bilim ulgamynda ýurdumyzyň daşary yurt hünärmenleriniň bilelikde işlemeginiň beýleki görnüşleri däbe öwrüldi.

Bu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilimiň we ylmyň hakyky ojagyna öwrülýär. Muňa ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň we innowasion işläp taýýarlamalarynyň her ýyl geçirilýän bäsleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdepleriniň işleri, ilkinji nobatda, dürli hünär ulgamlaryny işgärler bilen üpjün etmäge, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ylmy-tehniki ösüşe hem-de ýurduň durmuşynyň ileri tutulýan ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda ylym pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, öz möçberi boýunça täsir galdyryjy işler geçirildi—Watanymyzyň ylmynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar we wezipeler, şeýle hem ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri halkara guramalar we ylmy merkezler bilen uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygyň başy başlandy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün depginliligi hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Strategik ugur tebigy yzygiderlilige hem-de ýurdumyzyň milli ösüşiniň bähbitlerine laýyklykda guralyp, şol bir wagtyň özünde umumadamzat gymmatlyklarynyň we dünýä syýasatynyň belent ölçeglerine gabat gelýär.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty

Degişli makalalar

«Açyk Gapylar» we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty

turkmenhabargullugy

Agyr Atletikaçylaryň Üstünlikleri

Halkara Awtoulag Gatnawlary Boýunça Türkmen-Özbek Bilelikdäki Toparynyň Mejlisi Geçirildi