20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Zenanlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Milli Bäsleşigi Yglan Edildi

Zenanlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Milli Bäsleşigi Yglan Edildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guran innowasion barlaglarynyň bäsleşigine akademiki institutlaryň zenan işgärleri çagyryldy. Bäsleşik ylym ugamynda işleýän zenanlary ylmy işe höweslendirmegi we olaryň jemgyýetdäki abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen Zenan alymlar kluby bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi, ol ýurdumyzyň ylmynyň gazananlaryny wagyz etmekde we ylmy işlere ýaşlary çekmekde saldamly işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň innowasiýa ulgamynda köp ugurly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan zenanlaryň müňlerçesi bar.

Teklip edilýän işlere bildirilýän talaplar-olar wajyp, täzeçil we amaly ähmiýetli bolmaly. Bäsleşigiň jemi 12-nji iýunda, Ylymlar gününiň öň ýanynda jemlener.

Irina YMAMGULYÝEWA

 

Degişli makalalar

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Lýuksemburgdaky Ilçisi Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

turkmenhabargullugy

Türkmen Küştçüleriniň we Karateçileriniň Nobatdaky Baýraklary