25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan  sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen bilelikde gurnalýan  žurnalistleriň arasynda her ýylda geçirilýän şaşka ýaryşy bu ýyl II gezek gurnalar. Biz bu ýaryşyň 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçiriljekdigini yglan edipdik, emma, guramaçy toparyň täze alan çözgüdine laýyklykda ýaryşyň geçirilýän senesi 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 29-y diýip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş ilkinji gezek geçen ýyl geçirilipdi we 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 30-ynda geçirilen žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna uly gyzyklanma bolupdy.

Bäsleşige 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde ir bilen sagat 09:00-da badalga berler. Ýaryşa gatnaşýanlary hasaba almak işleri 08.00-da başlanýar. Hasaba alyş işleri ýaryş başlaýança dowam edip, hasaba alynmadyklar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň žurnalistika hünärinden bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşynyň şweýsar ulgamynda, ýagny deňeçerleriň duşuşygy görnüşinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Ol 7 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň dowamynda her döwde ýeňlenler we üstün çykanlar bir-birleri bilen duşuşarlar. Bäsdeşler bolsa kompýuter arkaly atyljak bije esasynda kesgitleniler. Munuň özi ýaryşyň adalatly bolmagyny kepillendirýän bütin dünýäde synagdan geçen usuldyr.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşy 2 toparda, ýagny erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriler we her toparyň 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlaryna «Makul Hyzmat» Terjime merkezi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşurylar.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna gatnaşmak isleýänleriň aşakda görkezilýän salgyda özlerini hasaba aldyrmalydyklaryny ýatladýarys. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 8 00 62 88 02 63  we 8 00 63 35 29 74 telefon belgisine jaň etmeli ýa-da atawatansport@gmail.com e-poçta salgysyna hat ibermeli. Şaşka ýaryşyna gatnaşyjylar ilkinji 100 adamyň çäginde hasaba alnar.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýurduň Taryhy-Medeni Ýadygärliklerini Gorap Saklamak Boýunça Gazna Dörediler

Türkmenistan Fotosuratlary 36

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen Halkyna Täze Ýyl Gutlagy

turkmenhabargullugy