21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

1 million 110 müň tonna pagta tabşyryldy.

Ýurdumyzyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar – eziz Watanymyzyň bereketli harmanyna 1 million 110 müň tonna golaý pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu gün ýene-de bir möhüm oba hojalyk möwsüminiň—güýzlük däne ekişiniň üstünlikli tamamlanmagy hem guwançlydyr. Şu gün ýurdumyzyň ekerançylary, olar bilen bolsa bütin ýurdumyz hem bu ajaýyp ýeňişleri belläp geçýärler, ol obasenagat toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlanan özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň beýany boldy.

Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pagtaçylykda ýetilen sepgitler we öňümizde duran wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň ekerançylarynyň goşa baýramyna bagyşlandy. Baýramçylyk forumyna esasy oba hojalyk hünärmenleri, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylary, oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Maslahatdan öňürti ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň gazanan üstünliklerini görkezýän giňişleýin sergi guraldy, şol üstünlikler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, hususan-da, pagtaçylykga ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny durmuşa geçirmäge ep-esli goşant goşýar. Sergide ekerançylykda we maldarçylykda gazanylan üstünlikleri, möhüm oba hojalyk ekinleriniň iň gowy sortlarynyň nusgalary, öňdebaryjy kärhanalaryň we uly möçberli suw hojalyk desgalarynyň maketleri, azyk önümleri we türkmen topragynyň bereketli miweleri görkezildi. Sergidäki giňişleýin ekspozisiýalar ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işledilýän, milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk senagatyny ösdürmek üçin yzygiderli satyn alynýan iň häzirki zaman tehnikalary hakynda hem gürrüň berdi.

Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyna giňden goldaw berilýär, ol obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan we kämilleşdirmekden, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmekden, meliorasiýa we suw üpjünçiligine degişli meseleleri çözmekden ybaratdyr.

Ýerleriň we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tohumçylygy ösdürmekde oba hojalyk ylmyna möhüm orun degişldidir, bu babatda ylmyň gazanan üstünlikleri hem sergide görkezildi. Türkmen alymlarynyň ygtyýarynda belli bir ugurly ylmy-barlag institutlarynyň tutuş ulgamy, tejribe hojalyklary, ylmy-önümçilik merkezleri bar, olar iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy-barlaglary geçirmek we iň esasysy bolsa geljegi uly işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag meýdanlaryna öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine Gutlagyny diňlediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen daýhanlaryna döwletimiz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda we gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde düýpli özgertmeleriň giň gerim bilen durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin edilýän aladalaryň, ýerine ýetirilýän işleriň ählisi biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgämiziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň gün tertibine oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ekerançylygyň medeniýetini, hasyllylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, agrotehnikany, tohumçylyk işini gowulandyrmaga, häzirki zaman tehnikasyny we tehnologiýalary netijeli peýdalanmaga degişli meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli bazar usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, daýhanlary belli bir maksada gönükdirip höweslendirmegiň zähmet öndürijiligini we ahyrky netijeleri gönüden-göni ýokarlandyrmaga ýardam edendigini nygtap geçdiler. Ekerançylygyň iň çylşyrymly, aýratyn çemeleşmäni talap edýän pudaklarynyň biri bolan pagtaçylygy ösdürmek ylmy esasda ýola goýuldy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyna Ýüzlenme kabul etdiler, olar şol Ýüzlenmede pagtaçylyk pudagyny we tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýändigi , obalary ýokary götermek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabyrynda bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda ilkinji nobatdaky çäreleri belledi, şol çäreleriň maksady oba ilatynyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmakdan, obada kuwwatly önümçilik binýadyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu çäreler köpugurlydyr we toplumlaýyndyr, olar ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kämilleşdirmekden we oba durmuşyny abadanlaşdyrmakdan başlap, telekeçiligi we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmäge, suw hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy we täze ýerleri özleşdirmegi dowam etdirmäge çenli ähli ugurlary gurşap alýar.

Hususan-da, pes hasyl berýän ýerleri özleşdirmegiň we ösdürmegiň fermer hojalyklaryna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan beýleki hojalygy ýörediji taraplara ýeňillikli karzlary bermegi we ýeňillikli salgyt salmagy göz öňünde tutýan maksatnamasy, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmaga mümkinçilik berjek taslamalar işlenip taýýarlanylar. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň maýa goýum maksatnamasyna maldarçylygy senagat esasynda ösdürmek, suw hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwarymly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalar goşuldy. Bu çäreleriň ählisi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlanan iri möçberli oba hojalyk özgertmeleriniň dowamydyr. Şol özgertmeleriň äşgär netijeleriniň hatarynda şu gün pagta ýygnamak boýunça özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren we güýzlük däne ekişini tamamlan türkmen daýhanlarynyň gazanan üstünlikleri hem, obalaryň we etrap merkezleriniň özgerdilmegi, welaýatlarda durmuş ugrunyň okgunly ösüşi hem bar.

Pagtaçylyk pudagy obasenagat toplumynyň netijeliligini has ýokarlandyrjak uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň mysaly boldy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklar yzygiderli kämilleşdirildi. Adamlaryň gowaça ösdürip ýetişdirmäge uly gyzyklanma bildirmeklerine ýardam edýän çäreler görüldi. Şu ýyl güýje giren oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zähmetine hak tölemegiň düzgünnamasy pagta öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga kuwwatly itergi berdi. Bu babatda hasyl ýygnamak boýunça meýilnamadan artyk ýerine ýetirilen işler üçin 30 göterim goşmaça hak tölemek göz öňünde tutuldy. Obasenagat özgertmeleriniň maliýe-ykdysady daýançlary barada söz açyp, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine berilýän karzlar barada hem ýatlap geçmeli.

Oba ýerlerinde “ak altyny” öndürmäge bolan gyzyklanma soňky ýyllarda ep-esli artdy. Gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek, hasyly ýygnamak boýunça möwsümiň barşy munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Pagtaçylykda tohumçylyk işini kämilleşdirmek we höweslendirmek, örän netijeli sortlary peýdalanmak babatda hem möhüm çäreler görüldi, olar özgertmeleriň barşynda mäkäm hukuk esasyna hem, uly möçberli maddy höweslendirmelere hem eýe boldy. Bu şertleriň hemmesi şu ýyl türkmen pagtaçylarynyň gazanan üstünlikleriniň girewine öwrüldi.

Däneçilik pudagynda hem şular ýaly netijeli çäreler görülýär we umumy meýdany 860 müň gektar bolan ýurdumyzyň däne ekilen ýerlerinde güýzlük däne ekişiniň üstünlikli tamamlanmagy täze hasylyň esasyny tutdy. Geljek ýylda türkmen gallaçylary Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmaga borçlandylar. Ekişden öňki agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirildi, zerur mineral we ýerli dökünler döküldi. Ak bugdaýyň iň oňat sortlary ekildi. Olaryň hatarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Batko”, “Türkmenbaşy-1” sortlary bar. Tamamlanan ekiş möwsüminiň däneçilik pudagy üçin, onuň geljekde gazanjak üstünlikleri üçin ähmiýeti örän uludyr.

“Ak altynyň” ýokary hasylyny gazanmagyň esasy şu ýylyň ýazynda gowaça ekilen 550 müň gektarda tutuldy, şonda has netijeli sortlaryň eserdeňlik bilen taýýarlanylan tohumlary ekildi, gowaçalara ideg etmek boýunça ýadawsyz alnyp barylýan işe badalga berildi.

Ösümlikleri goramak boýunça gulluklaryň—biobarlaghanalaryň we biofabrikleriň işgärleri hem öndürilen ýokary hasyla öz goşantlaryny goşdylar, olar gowaçanyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda we hasyl toplaýan döwründe oba hojalyk ekinleri zyýan berijilerden goramagy üpjün etdiler. Suw hojalyk edaralarynyň hünärmenleri hem göwnejaý zähmet çekdiler, miraplar gowaçalary suw bilen doly üpjün etdiler. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda mineral dökünler döküldi. Ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnamak awgust aýynda badalga alan pagta ýygym möwsüminiň esasy şygary boldy. Hasyl ýygnaýan we beýleki ähli tehnika möwsüme hemme ýerde öz wagtynda taýýarlanyldy. Pudaklaýyn abatlaýyş kärhanalary, ýöriteleşdirilen inženerçilik gulluklary, abatlaýyş ussahanalary muňa işjeň çekildi. Pagta kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy zawodlarda hem uly möçberli taýýarlyk işleri öz wagtynda geçirildi. Pagtany el bilen ýygnamagyň netijeliligini daýhanlary we ýygymçylary maddy taýdan höweslendirmek boýunça çäreleriň görülmegi üpjün etdi.

Pagta ýygym möwsümi obasenagat toplumynyň, oňa dahylly ähli edaralaryň, ýerli häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň netijeli hem-de sazlaşykly işiniň aýdyň mysaly boldy. Kärendeçileriň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň hünärmenleriniň we “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň mehanizatorlarynyň, awtoulaglaryň sürüjileriniň, “Daýhanbankyň” daýhanlara tabşyrylan pagta hasyly üçin öz wagtynda töleg tölemegi üpjün eden bölümleriniň işgärleriniň, “ak altyny” ösdürip ýetişdirmegiň, hasyl ýygnamagyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň zähmeti köp talap edýän işine gatnaşýanlaryň ählisiniň sazlaşykly işlemegi bu zähmet ýeňşini gazanmaga ýardam etdi. Harmanhanalaryň işgärlerine, şeýle hem pagtanyň hiline gözegçilik eden “Türkmenstandatlary” baş döwlet gullugynyň işgärlerine hem oba hojalyk möwsüminde möhüm orun degişlidir. Olaryň hemmesi üçin Watanymyzyň belent “ak altyn” harmany ajaýyp zähmet ýeňşi boldy.

Ýörite enjamlaşdyrylan ýük awtomobilleriniň birnäçe müňüsi pagta hasylynyň öz wagtynda we ýitgisiz daşalmagyny üpjün etdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulag serişdeleri, şeýle hem şertnamalaýyn esasda işe çekilen hususy ýük awtoulaglary bar.

Eýýäm sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde daýhan birleşikleriniň pagtaçylyk meýdanlaryna, öň ýapragy düşürilen ýerlere häzirki zaman ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy maşynlaryň ýüzlerçesi çykaryldy. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek göwnejaý agrotehniki möhletlerde amala aşyryldy.

Türkmenistanda ilkinji bolup 7-nji oktýabrda Watan harmanyna 5 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyran Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakynda habar berdiler. Welaýatyň oba hojalyk ekinleri ekilýän ýeriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär, şol ýerde ekerançylyk däpleri işjeň berkidilýär, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň tejribesi artýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinleriniň ekilmegi özüniň oňat netijesini berdi.

Bu şertler bütin ýurdumyzda we ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynda has uly orun eýeledi, ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty üçin gowaçanyň amatly sortlary saýlanyp alyndy we 19-njy oktýabrda welaýatyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler. Olar Watan harmanyna “ak altynyň” 234 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Daşoguzly pagtaçylaryň bu gazanan üstünligini 140 müň gektar gowaça ekilen ýerlerde zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi üpjün etdi.

Bu gazanylan üstünlikler we welaýatlaryň eden tagallalary ýurdumyzyň ekerançylaryna guwançly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy. Mary welaýatynyň ekerançylary bu üstünliklerden ruhlanyp, 25-nji oktýabrda Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler, olar şu senä çenli eýýäm “ak altynyň” 335 müň tonnasyndan gowragyny ýygnadylar. Murgap jülgesinde pagtaçylyk däpleri aýratyn güýçli ösendir. Ol özgertmeleriň çäklerinde döredilen şertler bilen bilelikde ýerli daýhanlaryň zähmet üstünligini gazanmagynyň girewi boldy.

30-njy oktýabrda Watan harmanyna pagtanyň 213 müň tonnadan gowragyny tabşyrmak bilen Ahal welaýatynyň pagtaçylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde geldiler. Bu gazanylan üstünlikler umumy üstünlige uly goşant boldy. Çünki şu ýyl Köpetdag jülgesiniň daýhanlary oba hojalyk ýerleriniň 120 müň gektaryna bu gymmatly ekini ekdiler.

Şeýlelikde, ekişiň, ekine ideg etmegiň we pagta ýygymy möwsüminiň her bir güni türkmen pagtaçylaryny uly zähmet ýeňşine ynam bilen ýakynlaşdyrdy. Şunda ýurdumyzyň daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny geçen ýyldaka garanyňda ýigrimi güne golaý öň ýerine ýetirdiler. Pagtaçylar şu pagta ýygymy möwsüminde ajaýyp netijeleri gazanmak bilen ösdürilip ýetişdirilen ähli pagta hasylyny ýygnamak üçin ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekmeklerini dowam edýärler.

Önümlerni gaýtadan işleýän kärhanalar, pagta arassalaýjy, pagta egriji zawodlar, dokma fabrikleri hem yhlasly işleýärler. Bu ulgamy hem giň möçberli özgertmeler gurşap aldy, şol özgertmeler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemme çäreler bilen bir hatarda, düýpli oýlanyşykly, toplumlaýyn häsiýet, oňat netijeleri gazanmaga, milli ykdysadyýetimiziň netijeliligini we bäsleşige ukyplydygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady barha kämilleşdirilýär. Pagtany gaýtadan işlemegiň düzümleri ösdürilýär. Täze kärhanalaryň birnäçesi guruldy, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy zawod gurulýar. Onuň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolar. Döwrebaplaşdyrmagyň nobatdaky tapgyryny başdan geçirýän Türkmenistanda gönüden-göni gaýtadan işlenýän pagtanyň paýyny, ýokary hilli önümleri öndürmegi gyşarnyksyz ýokarlandyrmagy üpjün edýän dokma senagaty üçin örän möhüm bolan pagta süýüminiň hiliniň ep-esli ýokarlandyrylmagy munuň ajaýyp netijesidir.

Bularyň hemmesi däneçilik pudagy üçin hem doly derejede degişlidir. Güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanmagynda obasenagat toplumynyň hajatlary üçin satyn alynýan häzirki zaman tehnikasynyň hyzmatlary uludyr. Häzirki zaman eýýamyna mahsus gerimde ösdürilýän däneçiligiň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar, Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynda elewatorlary bolan üç sany un üweýän kombinatlaryň gurulmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen daýhanlarynyň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli çäreler Maslahat köşgündäki ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Tomaşaçylar ajaýyp çykyşlara, hoş owazly milli aýdym-sazlara, estrada aýdymçylarynyň Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, ekerançylarynyň ýadawsyz zähmetine, häzirki döwürdäki ajaýyp üstünliklere bagyşlanan aýdymlaryna el çarpdylar.

Şu gün daýhanlaryň, obasenagat toplumynyň zähmetkeşleriniň gazanan zähmet üstünlikleri mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda bolan dabaralar hem ýatda galýan aýdyň baýramçylyga öwrüldi. Olaryň zähmeti bilen emele gelen belent başly “ak altyn” daglary bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň abadançylygynyň girewine öwrüldi. Gözüňi gamaşdyrýan bu “ak altyn” daglary oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň artmagynyň hem-de “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly önümleriň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-Koreý Hyzmatdaşlygynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Maslahatlaşylar

“Lebap” Topary Çempionlyk Derejesini Gazandy

turkmenhabargullugy

Bäsleşik Hakynda