15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabat ÝUNISEF: çagalaryň bähbidine seminar gurnaýar.

Türkmen paýtagtynda öz işine başlan iki günlük maslahat “Çagalar üçin býujetden maliýeleşdirmek” diýlip atlandyrylýar. ÝUNISEF-iň (BMG-niň Çagalar gaznasy) Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Mejlisi onuň guramaçylary boldular.

Maslahatyň işine ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, ýurdumyzyň Pensiýa gaznasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Çagalar gaznasyna ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň durmuş syýasaty we ykdysady seljeriş boýunça geňeşçisi Sonýa Ruis-Brunşwih, şeýle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Alena Sýalçonak wekilçilik etdiler. Maslahatda BMG-niň Çagalar gaznasynyň hünärmeni Aleksandr Kowalewskiý bilermen hökmünde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasat jähtden türkmen döwleti ýurdumyzyň iň körpeleriniň durmuşy üçin iň amatly şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini bütin dünýä görkezýär. Çagalaryň abadançylygy bolsa döwlet ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyz halkara guramalarynyň köpüsiniň, şol sanda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, esasy halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň, şol sanda Çaganyň hukuklary baradaky BMG-niň Konwensiýasyny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzyň we türkmen jemgyýetiniň üstünlikli ösmegine we abadançylygyna gönükdirilen kanunçylyk-hukuk özgertmeleri geçirilýär, ygtybarly kanunçylyk binýat döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra döwlet býujetinde esasy orun berilýär. Bu bolsa durmuş özgertmeleri ulgamynda esasy girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şol döwürde ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin 30,2 milliard manat möçberinde maýa goýumy goýberildi diýlip bellenildi, Döwlet býujetiniň agramly bölegi – 76,6 göterimi bolsa durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanda çagalaryň we ýaşlaryň durmuş derejesini hil taýdan ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler geçirilýär, ähli ýerlerde durmuş maksatly desgalar bina edilýär, täze çagalar baglary, mekdepler, hassahanalar, körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi we dynç alşy üçin ýörite edaralar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygy bilen ýaş nesliň bagtly çagalygyny mundan beýläk-de üpjün etmäge, türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş, ykdysady abadançylygy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmelere haýran galýandyklaryny beýan edip, BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Maslahatyň işiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar maliýeleşdirmegiň esasy meseleleri, durmuş ulgamynda uzakmöhletleýin maksatnamalary düzmegiň gurallary, girdejileri we çykdajylary seljermegiň usullary, şeýle hem degişli maksatnamalary meýilnamalaşdyrmagy we maliýeleşdirmegi kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada pikir alşarlar.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

6 ýyl soň ilkinji duşuşyk geçirildi.

syrach

Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

syrach