15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Ramazan Durdyýew Mary welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy.

Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşyjylary R.Durdyýewiň zähmet ýolunyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryp, onuň baý önümçilik tejribesini, ýokary hünär ussatlygyny we jogapkärçiligini, halkymyzyň we Watanymyzyň bähbitlerine gulluk etmäge ymtylýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, täze geljegi uly nebit we gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarynda uly islegden peýdalanylýan taýýar önüm öndürmek boýunça ekologiýa taýdan arassa zawodlaryň döredilmegine, täze eksport turbageçirijileriň, iň döwrebap himiýa önümçilikleriň kemala getirilmegine aýratyn üns berdi.

Dalaşgär halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine milli baýlyklarymyzyň oýlanyşykly peýdalanylmagyny, senagatyň ösdürilmegini we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. R.Durdyýew häzirki zaman ylmy-tehniki gazananlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň toplumlaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet beriljekdigine ynandyrdy.

R.Durdyýew oba hojalyk ulgamynaky özgertmelere degip geçip, bu pudagy ösdürmegiň geljegine degişli garaýyşlaryny beýan etdi. Dalaşgäriň pikirine görä, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna, şol sanda tarp ýerleriň özleşdirilmegine, suw howdanlaryň göwrüminiň artdyrylmagyna, zerur oba hojalyk tehnikalary, ösümlikleri goramak üçin himiiki serişdeleri satyn almaga goýberilýän maýa goýumlaryň möçberini köpeltmek zerurdyr., Tohumçylyk, seçgiçilik hem-de önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Daşaşgär durmuş ulgamyny ösdürmegiň geljegi hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi. Prezident wezipesine dalaşgäriň aýdyşy ýaly, raýatlaryň amatly ýaşaýyş jaýyny edinmäge, maşgala döretmäge, bilim almaga, işlemäge we dynç almaga hem-de beýlekilere bolan hukuklaryny goramak meseleleri hemişe onuň üns merkezinde bolar.

R.Durdyýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hem-de köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, medeniýeti, şypahana-dynç alyş düzümlerini, ulag ulgamyny, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ýaşaýyş toplumlaryny gurmak boýunça maksat edinýän işleri barada has jikme-jik gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berendikleri üçin bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawçylary halkymyzyň bähbidine, ýurdumyzyň kuwwatyny berkitmegiň hem-de mähriban Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Lebap welaýatynda dalaşgär Meretdurdy Gurbanow saýlawçylar bilen duşuşdy

Lebap welaýatynyň merkezindäki S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgäriň maksatnamalaýyn çykyşyny diňlemäge, ýurdumyzy, hususan-da, welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky garaýşyny bilmäge gündogar sebitiniň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, ýaşulular, ýaşlar geldiler.

Ynanylan wekil bu ýere ýygnananlary özüni jogapkär ýolbaşçy hem-de ak ýürekli raýat hökmünde görkezen dalaşgäriň zähmet terjimehalynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

M.Gurbanow özüni dalaşgärlige hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik esaslaryny pugtalandyrmagy ileri tutjakdygyna ynandyrdy. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine ýardam berýän täze kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagy dowam eder.

Dalaşgär içeri we daşary syýasatyň möhüm ugurlaryna degip geçip, parahatçylyk hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny giňeltmegi, hemme wajyp ulgamlarda, ilkinji nobatda, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinýändigini nygtady.

Obasenagat syýasaty azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini köpeltmegiň we goldamagyň, olary tehniki taýdan doly gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hem-de obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler.

Çykyşynyň ahyrynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlaryny özgertmäge degişli käbir bölümleriniň üstünde has giňişleýin durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylara üns berendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, olary Watana wepaly hyzmat etjekdigine, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin özüne bagly ähli işleri ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Daşoguzda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Daşoguz welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Ahal welaýatynyň Ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda bolan bu çärä ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň zähmet terjimehaly, şahsy hem-de işewür taraplary bilen tanyşdyryldy. S.Jelilowyň ynanylan wekili dalaşgäri mynasyp adam, iş başarjaň hem-de sowatly hünärmen, guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. S.Jelilow saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasyny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatda ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji ugrunyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine, dürli döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Dalaşgär halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyny we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini, oba hojalyk pudagynyň özgerdilmegini, çig mal serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň giňden goşulyşmagyny üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, şäherleri hem-de obalary abadanlaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak çäreleri dowam etdiriler. Dalaşgär Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde nebitden, tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan başga-da, himiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň taýýar önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak meseleleriniň üns merkezinde saklanyljakdygyna ynandyrdy.

Sporty ösdürmek we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamak, halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmak boýunça çäreler möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy. Medeniýeti ösdürmek, milli mirasa aýawly çemeleşmek, ýaşlary ýokary ahlakly şahsyýetler edip terbiýelemek meseleleri üns merkezinde bolar.

Dalaşgär duşuşygyň barşynda saýlawçylaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny, şol sanda Daşoguz welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly anyk meýilnamalara, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, iş üpjünçiligine degişli sowallaryna berdi.

S.Jelilow ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi, halkara abraýynyň artdyrylmagy, iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary,
kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili S.Nurnepesowyň terjimehaly bilen ýygnananlary tanyşdyryp, ony päk ýürekli we ýokary derejeli hünärmen, iri pudak edaralarynyň ýolbaşçysy hökmünde uly tejribe eýe bolan şahsyýet hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär öz çykyşynda saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň birnäçesi barada gürrüň berdi, olaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagyna, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Olaryň hatarynda nebitgaz senagatyny işjeň ösdürmek, elektroenergetika hem-de beýleki esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman zawodlaryny hem-de fabrikleri gurmak, döwlet tarapyndan daýhan birleşiklerini we kärendeçleri goldamak, hususy telekeçileriň başlangyçlaryny höweslendirmek ýaly wezipeler bar.

S.Nurnepesow himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdi. Hususan-da, ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň ýerleşmegi azot we kaliý dökünleriniň, beýleki himiýa önümleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Esasy meseleleriň gün tertibinde Garabogazköl aýlagynyň suw-mineral baýlyklaryny, Balkan ýodbrom ýataklaryny, Garlykdaky, Garabildäki, Týubegetandaky we türkmen topragynyň beýleki künjeklerinde ýerleşýän ýataklary özleşdirmek meseleleri bellenilýär.

S.Nurnepesow duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, saglygy goraýyş hem-de bilim, ulag we durmuş ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlary işe ýerleşdirmek, günbatar sebitiň şäherlerinde hem-de obalarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meselelerine degişli meýilnamalaryny has içgin beýan etdi.

Dalaşgäriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özeni her bir raýat baradaky aladadan ybaratdyr, munuň özi “Döwle adam üçindir!” diýen şygarda beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu alada jogap edip, Watanymyzyň abadançylygyna öz goşandyny goşmalydyr.

S.Nurnepesow ýygnananlara gyzyklanma bildirip, ünsli diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirjekdigine ynandyrdy.
Durdygylyç Orazowyň Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär–Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlara Agrar partiýasy tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly beýan edildi. Dalaşgäriň ynanylan wekili D.Orazowyň guramaçylyk başarjaňlygyny hem-de hünär ussatlygyny belläp, oňa mahsus bolan täzeçil pkirlenmeleri we ýokary raýat jogapkärçilik duýgularyny, şeýle hem welaýatyň partiýa komitetiniň ýolbaşçysy hökmünde hormata mynasyp şahsy taraplaryny aýratyn belläp, onuň zähmet toparynda uly abraýdan peýdalanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berdi.

D.Orazow ýygnananlara şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, özüniň halkymyzyň we ýurdumyzyň öňündäki ägirt uly jogapkärçiligine doly göz ýetirýändigini aýtdy, Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk özygtyýarly ösüş ýolunda dünýä bileleşiginde mynasyp orun aldy. Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, hukuk binýatlarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar.

Dalaşgär ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy taraplaryny jikme-jik beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda halkymyzyň jebisligine hem-de ruhy gymmatlyklaryna daýanyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek wezipeleri bar. Döwletimiz geljekde hem oba ilatyny hemmetaraplaýyn goldamak, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny, gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirer.

Duşuşygyň barşynda D.Orazow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olar obada ylmy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan maksatnamalar, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we täze iş orunlaryny döretmek meseleleri bilen gyzyklandylar. Ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmk hem-de köp şahaly ulag düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylara üns berip diňländikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýjüni hem-de tejribesini Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna gönükdirjekdigini ýene bir gezek ynandyrdy.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Täze Ýyl Dabaralary Watanymyzyň Ýaş Nesilleriniň Bagtyýarlygyny Artdyrýar

turkmenhabargullugy