21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

12 ýyllyk umumy bilime geçmäge taýýarlyk.

12 ýyllyk umumybilime geçmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda Aşgabat şäheriniň bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtyň orta mekdepleriniň başlangyç synplarynyň mugallymlary üçin hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar guraldy. Iň ýaş mekdep okuwçylary – alty ýaşly birinji synp okuwçylary üçin okuw işlerini guramagyň meselelerine garaldy 

Milli bilim institutynyň işgärleri, alty ýaşly mekdep okuwçylary üçin okuw programmalaryny we okuw kitaplaryny işläp taýýarlanlar bu ýörite okuwlary alyp bardylar. Özi hem bu mugallymlar ýurduň Milim ministrligi tarapyndan guralan iň gowy kitaplary döreden awtorlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri diýen ada mynasyp bolanlardyr.. 

Mugallymlar-täzeçillikçilerbu ýörite okuwyň diňleýjileri boldylar. Indi olar hem aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň-kärdeşleriniň öňünde ýörite sapaklar bilen çykyş ederler. Şeýlelik bilen okatmagyň täze şertlerinde öňde baryjy mugallymçylyk tejribesiniň ýaýramagyna şertleri dörederler. 

günüň dowamynda başlangyç bilimiň mazmunyna, çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdeby taýýarlamak, başlangyç synplarda okatmagyň psihologiýa-mugallymçylyk aýratynlyklary, çagalary mekdebe taýýarlamagyň derejesine baha bermek ýaly meselelere garaldy. Alty ýaşly mekdep okuwçylary üçin okuw programmalary we kitaplary bilen işleşmegiň, şol sanda dil ugurlary, natematika, şekillendiriş sungaty we saz, zähmet sapagy we durmuş başarjaňlygynyň esaslary boýunça metodiki usullaryna garaldy. 

Orta okuw mekdepleriniň 12 ýyllyk umumybilime geçmegiň täze konsepsiýasyna we 2013-2014-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk çörmegiň çäklerinde geçirilen bu ýörite okuwyň netijesinde gowşan teklipleri nazara almak bilen, başlangyç synp mugallymlary üçin şular ýaly hünär kämilleşdiriş okuwlary golaý wagtlarda ähli welaýatlarda hem guralar.

Degişli makalalar

Türkmen Talyplary Halkara Olimpiadasynyň Baýraklaryna Eýe Boldular

syrach

Bäsleşik Tamamlanýar: Haýsy Eserler Öňdäki Orunlarda?

Aşgabadyň Mekdepleriniň Ýokary Synp Okuwçylary Aziada-2017-de Meýletinler Bolmaga Işjeň Taýýarlanýarlar