23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýäniň ýaş çempiony Watan goragçylarynyň myhmany.

Soňky günler sport jemgyýetçiliginde 6-15-nji maý aralygynda Gresiýada 7 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ynamly ýeňiş gazanan 6 ýaşly türkmen küştçüsi Bägül Ezizowanyň ady ýygy-ýygydan tutulýar. Paýhas oýnunyň muşdaklary bilen onuň nobatdaky duşuşygy düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda geçirildi. Bu ýerde ýaş çempion gyzyň zehinine hormat goýýanlar Bägül Ezizowa köpsanly gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdylar. 

Şeýle hem harby ýokary okuw mekdebiniň talyplary 64 öýli küşt tagtasynda geljekki watan goragçylarynyň onlarçasy bilen bir wagtyň özünde oýnan dünýä çempionynyň küşt başarnygyna baha bermäge mümkinçilik aldylar. Şundan soňra Bägül özüniň dünýä ýaryşynda çykyşy barada, mümkin bolan dokuz oýnuň dokuzysynda-da ajaýyp ýeňşi gazanyşy barada jikme-jik gürrüň berdi. Şunuň ýaly ajaýyp ýeňşiň netijesinde biziň ildeşimiz altyn medala, ýeňiş kubogyna hem-de FIDE-niň sport ussatlygyna dalaşgär diýen belent ada mynasyp boldy. 

Şeýle hem Bägül özüniň oýunlarynyň birinde garşydaşyny eýýäm dokuzynjy göçümden soň ýeňlişe sezewar edişi barada gürrüň berdi. Şunuň ýaly tiz tamamlanan duşuşygyň geçişini ýaşajýyk dünýä çempiony Harby institutynyň zalynda ýaýbaňlandyrylan uly küşt meýdanynda bu ýere ýygnananlaryň öňünde görkezdi. Ýaş küştçüniň ajaýyp ussatlygyna haýran galan talyplar we serkerdeler Bägüli dowamly el çarpyşmalar bilen hormatladylar. 

öz nobatynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary hem sport ussatlyklaryny görkezdiler. Institutyň sport toplumynda dzýudo, sambo, guşakly göreş, futzal we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar guraldy. 

Duşuşyk tamamlanandan soň ýaş çempion gyzjagaz özüniň jemleýji sözünde gazanan üstünligi üçin özüniň türkmen ýaşlaryny sport bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmäge şahsy göreldesi bilen nusga bolýan milli Liderimize aýratyn hoşaldygyny nygtady. Ägirt uly üstünligine we eýýäm eýe bolan ussatlygyna garamazdan, Bägül mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, dünýäniň sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny barha ýokary galdyrmak bilen, özüniň ussatlygyny kämilleşdirmäge ymtyljakdygyna ynandyrdy. 

Bägül Ezizowa öz tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Eýranyň Sary şäherinde 19-27-nji maý aralygynda ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlanýar. Bu sebit sport ýaryşynda ýaş dünýä çempiony, şeýle hem 8 ýaşa çenli ýaş toparynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony hem-de 10 ýaşa çenli bolan toparda ýurdumyzyň häzirki çempiony B.Ezizowa altyn medala dalaş etmegi meýilleşdirýär.

Degişli makalalar

Dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyndaky täze döwür.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

syrach