28.9 C
Aşkabat
10.07.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

14-nji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

Şu gün, 13-nji iýunda 14-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda duşuşan «Ahal» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky oýunda netijeli urgularyň bäşisi geçirildi. Netijede 5:0 hasabynda üstün çykan «Ahal» toplan 28 utugy bilen birinji orunda barýan «Altyn Asyr» bilen utuk aratapawudyny 2 utuga çenli azaltdy. 17 utugy bolan «Aşgabat» eýeleýän 5-nji ornunda galdy.

Türkmenbaşyda geçirilen duşuşykkda ýerli «Şagadam» «Energetigi» 7:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegiň hötdesinden geldi. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýän topary gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 22-ä çykaryp, ýaryş tertibinde 3-nji orny eýelemegini dowam edýär.

Oýun gününiň üçünji duşuşygy Maryda geçirilip, onda paýtagtymyzyň «Köpetdagy» ýerli «Merwden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. 20 utugy bolan «Köpetdagyň» ýaryş tertibinde dördünji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

17-nji iýunda geçiriljek 7-nji tapgyryň hem-de 10-njy tapgyryň galdyrylan duşuşyklary («Aşgabat» – «Ahal», «Altyn Asyr» – «Şagadam») bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji ýarymynyň jemi jemlener.

14-nji tapgyryň duşuşyklary:

«Şagadam» – «Energetik» – 7:0

Gollar: 14 (11 m.j.u.), 44 Baýramgeldi Nurlyýew, 26 (11 m.j.u.), 89 Yhlas Magtymow, 37 Daýanç Orazgulyýew, 51 Hydyr Ýakubow, 55 Hemra Amanmämmedow («Şagadam»)

Duýduryşlar: 71 Döwletgeldi Mirsultanow, 87 Daýanç Orazgulyýew («Şagadam») – 8 Parahat Jumanazarow, 27 Umytjan Kerimow, 87 Alikper Musaibow («Energetik»)

Meýdandan çykarylan: 24 Parahat Jumanazarow, 2-nji duýduryş («Energetik»)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.), Mergen Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

«Ahal» – «Aşgabat» – 5:0

Gollar: 25 Gurban Annaýew, 44 Güýçmyrat Annagulyýew, 57 Pirmyrat Sultanow, 65 Artur Geworkýan, 67 Ilýa Tamurkin («Ahal»)

Duýduryşlar: 54 Myrat Amantaganow, 89 Daýanç Nuryýew («Aşgabat»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Yhlas Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Merdan Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: Bagtyýar Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 500

«Merw» – «Köpetdag» – 0:1

Gol: 89 Meýlis Diniýew («Köpetdag»)

Duýduryşlar: 74 Şaweli Seýitkuliýew («Merw») – 4 Rasul Çaryýew, 81 Batyrgylyç Berdiýew («Köpetdag»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş.), Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 2000

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmen Telekeçileri Gurluşyk Işlerini Dünýä Derejesinde Ýokary Hilli Ýerine Ýetirmekde Ýeterlik Derejede Tejribe Topladylar

Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Bazar Gatnaşyklaryny Ösdürmegiň Şertlerini Üpjün Edýär

turkmenhabargullugy