18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

18-nji Martda Ýazky Bag Ekmek Çäresi Başlanýar

18-nji Martda Ýazky Bag Ekmek Çäresi Başlanýar

Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda şu ýyl üç milion nahal ekmek göz öňünde tutulýar. Olar iki möwsümde- bellenilen möçberdäki nahallaryň ýarysy ýazda we galany güýzde ekiler. Kararda iki möwsümde 1,5 million agajy Ahal welaýatynyň dag eteklerinde, galanlaryny beýleki sebitlerde ekmek bellenildi. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Tokaý hojalygy müdirliginiň, welaýat tebigaty goramak müdirlikleriniň hünärmenleri agrotehnikanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederler, bu pudaga degişli nahalhanalaryň 13-si bag ekmek çäresine gatnaşyjylary nahallar bilen üpjün ederler.

Ýazky möwsümiň başyny milli ekologiýa çäresi bolan ýowar açar, oňa türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi gatnaşar.

Türkmenistanyň gurak howa şertlerinde bag ekmek-oba hojalygynyň dürli pudaklarynyň durnuly ösüşini üpjün etmegiň, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmagyň, tebigy biologik köpdürliligi gowulandyrmagyň we tebigy baýlyklary dikeltmegiň, howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň möhüm bölegidir. Şonuň üçinem bagy-bossana öwürmek çäresiniň çäklerinde goralýan tebigy zolaklarda bag ekmek, fitomelioratiw usullar bilen çägeleri berkitmek, ýerasty suwlaryň ýokary galmagynyň täsiri ýetýän oba hojalyk ekinleriniň töwereginde tokaý goragy zolaklaryny döretmek, gara ýollaryň gyrasyna, obalardyr şäherleriň töweregine bag ekilýär.

Ekologiýa çäresi esasan paýtagtymyzyň Arçabil etrabynyň golaýyndaky 75 gektar ýere pürli baglarynyň-esasanam eldar arçasynyň we gündogar biotasynyň-tuýanyň 30 müňden gowrak nahalay oturdylar.

Agaçlary köpçülikleýin ekmek işlerine 1998-nji ýylda başlanyldy. Ilki-ilkiler taşlanan we boş ýatan ýerlere has çalt uýgunlaşýan pürli agaç nahallary ekildi. Häzirki wagtda döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen bag ekmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär. Her sebitiň toprak-howa şertlerine gabat gelýän baglar saýlanylýar. Ýaprakly, miweli agaçlar we üzüm has köp ekilýär. Käýerlerde gyrymsy, şeýle hem hozlar, aýratynam pisse agaçlary oturdylýar.

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

«Energetik II» «Nebitçi» Toparynyň Ýaşlar Düzüminden Üstün Çykdy

Sosial Ulgamlarymyza Goşulyň!

syrach