20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Hokkeýçileri Gyşky Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görýärler

Türkmen Hokkeýçileri Gyşky Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görýärler

Paýtagtymyzyň «Galkan» sport toplumynda Türkmenistanyň we Aşgabadyň ýygyndy toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu oýun geljek ýylyň fewral aýynda Sapporoda (Ýaponiýa) geçjek VIII Gyşky Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde göz öňünde tutulan ilkinji duşuşykdyr.

Biziň hokkeýçilerimiz ilkinji gezek yklym derejesinde şeýle wekilçilikli ýaryşda çykyş ederler. Şonuň üçin hem her bir oýun hokkeýçileriň birek-birege düşünişmekleri we ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklary üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýar. Oýnuň gidişi hokkeýçilerimiziň örän oňat ýagdaýdadygyny görkezdi. Türkmenistanyň ýygyndysy aşgabatlylary 12:2 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminden Ahmet Gurbanow, Aleksandr Wahowskiý hem-de Pawel Barkowskiý dagynyň hersi iki gezek tapawutlanmagy başardylar.

Şu aýyň ortalarynda türgenlerimiz halkara okuw-türgenleşik işlerini geçirmäge giderler. Olar iki hepdäniň dowamynda Minskide (Belarus) iň oňat buzly meýdançalaryň biri bolan «Çižowka-arenada» türgenleşik işlerini geçirerler. Ol ýerde 2014-nji ýylda hokkeý boýunça ulularyň arasynda, şu ýylyň ýazynda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Baýram Allaýarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine paýtagtymyzyň hokkeý toparlarynyň dördüsiniň — «Galkan», «Şir», «Oguzhan» hem-de «Nesil» toparlarynyň iň güýçli hokkeýçileri girýär.

…Geçen hepdäniň dynç günleri Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda 16 ýaşa çenli, 2005-nji ýylda doglan hem-de ondan hem kiçi ýaşly hokkeýçileriň arasynda Aşgabadyň çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji duşuşyklary boldy. Birinji topardaky ýaryşda 12 utuk toplan «Oguzhan» garşydaşlaryndan ep-esli arany açyp, öňdeligi özünde saklaýar. Ikinji orunda barýan «Şir» ondan alty utuk yza galýar. Ýöne kiçi ýaşly hokkeýçileriň arasynda geçýän ýaryşda «Şir» 11 utuk bilen ýaryş tertipnamasynyň öňüni çekip gelýär. Ol özüniň esasy garşydaşy bolan «Oguzhanyň» hokkeýçilerinden bir utuk öňde barýar.

Duşuşyklar her hepdäniň dynç günlerinde, gündiz geçirilýär. Ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän toparlar 2017-nji ýylyň baharynda mälim bolar.

Degişli makalalar

Dünýä Çempionaty 2022-niň Saýlama Tapgyrynyň Duşuşyklary Soňa Süýşürildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Türkmenistanyň Ilçihanasy Buharestde Medeniýetara Festiwala Gatnaşdy

turkmenhabargullugy