26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

2017-nji Ýylyň 22-30-njy Aprelinde Aşgabat Olimpiýa Toplumynda “Inspiring Ashgabat” Atly Birnäçe Synag Çäreleri Geçiriler

2017-nji Ýylyň 22-30-njy Aprelinde Aşgabat Olimpiýa Toplumynda “Inspiring Ashgabat” Atly Birnäçe Synag Çäreleri Geçiriler

V Aziýa oýunlara taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti şu gün Aşgabat Olimpiýa toplumynda aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek synag çäreleri barada jikme-jik maglumatlary aýan etdi.

Bir wagtyň özünde “Inspiring Ashgabat” şygarynyň astynda geçiriljek synag çäreleriniň çäginde agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýanyň çempionaty, Kikboksing boýunça WAKO guramasy tarapyndan gurnalýan Aziýanyň çempionaty, gysga aralykda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler.

V Aziýa oýunlara taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Biziň üçin Aşgabadyň Olimpiýa toplumynda iki sany Aziýa çempionatyny geçirmek uly hormatyň we goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Sentýabr aýynda geçiriljek Oýunlarda belent başarnyk derejelerini kesgitleýän örän abraýly hasap edilýän çärelerdir.” diýip nygtady.

Soňra D. Gulgeldiýew “Aşgabat Olimpiýa komitetinde ilkinji gezek işler birnäçe desgalarda we bir wagtyň özünde alnyp barylar, şeýle-de bu çäreler tomaşaçylar üçin Olimpiýa toplumynda ýaryşlara tomaşa etmäge örän gowy mümkinçilikdir”, diýip sözüni dowam etdi.

Üç sany aýratyn çäre “Inspiring Ashgabat” atly çäreleriniň konsepsiýasyna girip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly şygaryny beýan edýär.

Agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýa çempionaty 23-nji aprelde başlap, tä 29-njy aprele çenli agyr atletika arenasynda dowam eder. Ýaryşlaryň dowamynda türgenler jemi 144 medal üçin güýç synanşarlar. Medallar her agram derejesi boýunça silterläp götermek, itekläp götermek we gazanylan umumy netije boýunça gowşurylar. Rio 2016 Oýunlarynda agyr atletika boýunça Aziýaly ussat türgenler jemi 45 medalyň 31-ine mynasyp boldular.

Agyr atletika boýunça Aziýa federasiýasynyň Baş kätibi jenap Mohamed Jaloud: “Ýylyň iň wajyp çäresi Aşgabat şäherinde geçirilýändigi biz üçin örän begendirýän wakadyr. Aziýanyň türgenleri üçin desgalar we Aşgabat şäherine gelip Oýunlardan öň tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir”, diýip belledi.

Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty 26-30-njy aprelde başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. 20 ýurtdan gelýän türgenler bäş günüň dowamynda ussatlygyny görkezmek we medal gazanmak maksady bilen ýaryşarlar. Ringde geçirilýän ýaryş erkekleriň arasynda 27 dereje, aýallaryň arasynda bolsa 10 dereje boýunça we tatamide erkekleriň arasynda 28, aýallaryň arasynda 16 dereje boýunça geçiriler. Netijede çäräniň dowamynda 354 sany medal gowşurylar.

Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň (WAKO ASIA) prezidenti we WAKO-nyň (Halkara federasiýa) wise-prezidenti jenap Nassiriniň aýtmagyna görä: “Şu wagta çenli geçirilen Aziýanyň çempionatlarynyň iň ulusyny geçirmäge mümkinçiligi bolan we başa-baş söweş sungaty sport toplumyny öz içine alýan Aşgabat Olimpiýa toplumynda haýran galdyryjy desgalar ýerleşýär. Aziýanyň ussat türgenleriniň gelmegine garaşylýar we biz ýaryş geçirilýän derejesi örän ýokary bolar diýip umyt edýäris.”

Şu halkara ýaryşlardan başga, Türkmenistanyň Suwda ýüzmek boýunça federasiýasy ilkinji gezek gysga aralykda ýüzmek boýunça halkara ýaryşyny gurnaýar. Bu ýaryş gysga aralykda ýüzmek boýunça ýapyk görnüşli ýaryş täze gurlan suw sport toplumynda geçiriler. 2017-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde goňşy ýurtlardan, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan we Owganystandan gelýän türgenler birnäçe indiwidual we estafeta ýaryşlarynda ýaryşarlar.

Operasion işleriniň baş direktory Mik Raýt: “Aşgabat Olimpiýa toplumynyň çäginde halkara ýaryşlary geçirmek we Oýunlaryň geçirilýän döwründäki şertleri döretmek Aşgabat 2017 Oýunlarynyň taýýarlyk we synag maksatnamasynyň esasy bölegi bolup durýar,” diýip belledi.

Soňra “Synag bäsleşigi iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirmäge taýýar bolmak üçin iş meýilnamasynyň iň ähmiýetli bölegi bolmasa-da, olar Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin Olimpiýa toplumyny görmäge ajaýyp mümkinçiligi döredýär. Men “Inspiring Ashgabat” atly çäreleri öz adyndan belli boluşy ýaly Aşgabat 2017 Oýunlary üçin ýürekleri tolgundyryjy, duýgularyňy heýjana getiriji gurşawy döretmek bilen türkmen halkynyň ruhy joşguny gök asmana göteriler diýen ynamym bar”, diýip sözlerini dowam etdi.

Ýaryşlaryň üçüsine hem tomaşa etmek üçin petekler “Berkarar” söwda we dynç-alyş merkezinde, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwdä merkezinde we “Aşgabat” seýilgähinde ýerleşýän Aşgabat 2017 petek nokatlarynda 7-nji aprelden başlap, tölegsiz beriler.

“Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlary barada goşmaça maglumaty Ashgabat2017.com internet sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Topar üçin petekler we mümkinçiligi çäklendirilen tomaşaçylar üçin orunlar bilen bagly bolan meseleler boýunça tickets@ashgabat2017.com elektron poçtasy ýa-da +993 12 94 80 27 belgisi arkaly ýüzlenip bilersiňiz.

Degişli makalalar

Türkmen Lideri’nin Kitabının Tanıtım Töreni Gerçekleştirildi

turkmenhabargullugy

«Kopetdag» Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orna Geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil Ogluny Gutlady

turkmenhabargullugy