14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Dünýä Halklarynyň Ýakynlaşmagynyň Bähbidine Medeni Gatnaşyklar

ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyndan häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýäde bolşy ýaly, bu keseliň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň çäginde onuň ýaýramak howpy aradan aýryldy. Şol sebäpli hem muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary ýaly medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr hem-de bu ugurda hiç hili çäklendirmeler ýokdur.

Mundan başga-da, onlaýn tertibinde halkara derejeli dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen şeýle çäreleriň biri hem «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara foto sergi we maslahatdyr. Ol maý aýynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar.

Häzirki güne çenli dünýäniň 12 ýurdundan fotosuratçylar sergä gatnaşmaga isleg bildirdiler. TDH

Degişli makalalar

1-nji Sentýabrda Aşgabatda Täze Mekdepler we Ýokary Okuw Mekdebiniň Binalary Açylar

«Halk Hakydasy»Ýadygärlik Toplumynyň Muzeýine Barýanlar Elektron Görkezijiniň Hyzmatyndan Peýdalanyp Bilerler

8-nji Mart Wideosy