22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan yglan edilen satuwda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki desgalaryň jemi 34-sini hususy eýeçilige satmak meýilleşdirildi.

Şolaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolanyşygynda bolan kärhanalaryň paýnamalarynyň döwlet bukjalary, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň garamagyndaky hem-de birnäçe beýleki edaralaryň desgalary bar.

Satuwa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň döwlete degişli däl ýuridiki şahslary gatnaşyp biler.

Daşary ýurt ýuridiki şahslary, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalary we şahamçalary Türkmenistanyň ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti howplardan goramak boýunça agentligiň karary bilen döwlet emlägini hususylaşdyrmaklyga gatnaşyp bilerler.

Kärhanalaryň hususyýetçilige satylmagy döwlet gaznasyna uly girdeji getirer. Satyljak birnäçe iri desgalaryň başlangyç bahasy millionlarça manada barabardyr. Bu kärhanalaryň eýesiniň bolup netijeli peýdalanylmagy eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerine tutup biljek önümleriň önümçiligini ösdürmäge ýardam berer.

Degişli makalalar

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet Güni Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Bilen Duşuşygy