15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YKDYSADYÝET

50 we 20 manada deň bolan täze şaýy pullary çykaryldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gymmaty 50 we 20 manada deň bolan “Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy” atly ýubileý altyn we kümüş şaýy pullary çykaryldy. 

Gymmat bahaly metallardan – altyndan we kümüşden taýýarlanan täze şaýy pullar ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna bagyşlanýar, bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň BMG-niň agzalary bolup durýan ýurtlarda 2005 — 2014-nji ýyllarda ilat ýazuwyny geçirmek baradaky başlangyjynyň çäklerinde guralýar. 



Ýubileý şaýy pullarynyň ýüz tarapynyň ortasynda geçiriljek çäräniň nyşany we “2012” diýen sene şekillendirilipdir. Tegelek boýunça “Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy” diýen ýazgy ýerleşýär. 

Şaýy pullarynyň arka ýüzünde däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilipdir hem-de şaýy pullarynyň haýsy metaldan ýasalandygy we olaryň agramy görkezilýär. Elli manatlyk şaýy pulunda tegelek boýunça, ýokarky bölekde “Türkmenistanyň Merkezi banky” we aşaky bölekde “Elli manat”diýen ýazgy ýerleşýär. Ýazgylaryň arasy kiçeňräk sekizburçluklar bilen bölünýär. 



Altyndan ýasalan şaýy puluna meňzeş görnüşde işlenip taýýarlanan kümüş şaýy puly rewersde onuň gymmatyny görkezýän “Ýigrimi manat” diýen ýazgy bilen tapawutlanýar. 

Täze şaýy pullaryň hersiniň mukdary 200 sanydyr, olar Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy. Diametri 38,61 mm bolan gymmatlyklar mähegi 916,7 bolan altyndan we mähegi 925 bolan kümüşden işlenip taýýarlandy. Gymmaty 50 manat bolan şaýy puluň agramy 39,94 grama, 20 manatlyk kümüş puluň agramy bolsa 28,28 grama barabardyr. 

Täze şaýy pullary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen döwletiniň täze taryhynyň ajaýyp nyşanyna öwrülip, ýurdumyzyň Merkezi bankynyň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysadyýeti Ösdürmek Boýunça Maslahat Geçirdi

Täze Döwletara Elektrik Geçiriji Ulgamynyň Gurluşygyna Başlanyldy

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder