6 C
Aşkabat
01/12/2020
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär.

Nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek maksady bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň professor-mugallymlar düzümi plastlary üzňeleşdirmekde, guýulary ulanmak prosesinde sütünleri daşky gurşawyň täsirinden goramakda, şeýle hem abatlaýyş-öňüni alyş işleri geçirilende ulanylýan pakerleriň konstruksiýasyny işläp düzdüler.

Pakerleriň netijeliligi barlaghana we önümçilik şertlerinde subut edildi. Selektiw pakerler iki sany pakerden ybarat. Olar guýuda islendik çuňlukda, şol sanda kese uçastoklarda we gapdal sütünlerde jaýdar oturdylýar.

HNGU-nyň Innowasion ylym-okuw merkezi Marynyň «Tilsimat» maşyngurluşyk zawody bilen nebitgaz pudagy üçin pakerleri taýýarlamak hakynda şertnama baglanyşdy.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

Saýlawlaryň Öňüsyrasyndaky Möhüm Tapgyr

turkmenhabargullugy

Älem Giňişligine Tarap

syrach