01.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe Bişkek şäherindäki “Manas” howa menziliniň golaýynda ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan–garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary barada dileglerini beýan etdi.

Degişli makalalar

Futzal Boýunça AFK-nyň Klublaýyn Çempionaty BAE-de Geçiriler

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach