22.9 C
Aşkabat
16.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Köýtendag-Syrlar Mesgeni

Ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag diňe bir özüniň owadan dereleri, täsin tebigaty we syrly gowaklary bilen däl, eýsem, takmynan, 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýeri hökmünde hem dünýäde bellidir. 2012-nji ýylyň maý aýynda Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini öwrenmäge bagyşlanan halkara ylmy ekspedisiýa gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda bu ýerde barlag-anyklaýyş işlerini geçirdiler. Dünýäniň dürli künjeklerinden ýygnanan alymlar türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde dagyň paleontologiýasy, gidrogeologiýasy, mineralogiýasy we beýleki häsiýetleri baradaky ylmy maglumatlary, ýörite seljermeleri geçirmek arkaly öwrendiler. Munuň üçin alymlar zerur bolan enjamlary we serişdeleri öz ýanlary bilen getiripdirler. Italiýadan gelen alym Federiko Fanti dinozawrlaryň bu ýerdäki aýak yzlary bilen has-da içgin gyzyklandy. Ol mundan öň hem dinozawrlaryň Köýtendagdaky aýak yzlaryny öwrenipdir.
— Maňa Türkmenistanda bolmak we Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlaryny öwrenmek miýesser etdi. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen tebigatyny öwrenmek, onuň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde amala aşdy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Italiýanyň Boloniýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde Köýtendaga baryp görmäge we dinozawrlaryň yzlaryny öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Şonda Hojaýpil obasynyň golaýyndaky dag ýapgytlarynda dinozawrlaryň yzlarynyň saklanandygyny gördüm we olar baradaky maglumatlary resmileşdirmäge gatnaşdym. Barlaglaryň netijesinde, olaryň ýura döwrüne degişlidigi we şol töwerekde şeýle yzlaryň 1500-e golaýynyň bardygy anyklanyldy — diýip, tejribeli alym gürrüň beripdi.
Italýan alymynyň belleýşi ýaly, üstünden örän köp wagtyň geçendigine garamazdan, özüniň asyl durkuny saklap galan şeýle köp möçberdäki yzlar dünýäniň başga hiç ýerinde hem gabat gelmeýär. Bu yzlaryň emele gelşi geçen asyryň 70-nji ýyllarynda dag ýapgydynyň üstündäki hekli gatlagyň aşak syrylyp gaýtmagy bilen ýüze çykarylypdyr. Ýerli ilat ilkibada oňa bu ýerden geçen Isgender Zülkarneýiň pilleriniň yzlarydyr öýdüpdir. Şonuň üçin bu ýerdäki kiçeňräk obanyň ady hem Hojaýpil diýlip atlandyrylypdyr. Bu täsin yzlaryň gürrüňi tutuş ýurda ýaýransoň, alymlar ýörite gelip ony öwrenipdirler. Professor W.Sedieskiniň çaklamalaryna görä, bu sudurlarda biziň eýýamymyzdan 150 million ýyl öň ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlarynyň alamatlary bar. Yzlaryň daş keşbi üç barmagyň anyk bildirýän oýuk sudurydyr. Hatda käbir ýerlerinde şol barmaklaryň ujundaky dyrnaklaryň orny-da bildirýär. Yzlaryň arasy 1,5 metre ýakyn bolmak bilen, beýiklige dyrmaşyp barýan şol yzlardan we ädimlerden çen tutup, bu ýerden geçen uly dinozawrlaryň boýunyň 8 — 12 metre, göwresiniň uzynlygynyň 5 metre, agramynyň-da 10 tonna çenli bolandygyny çaklamak mümkin. Uzynlygy 500 metre, ini 260 metre golaý bolan bu dag ýapgydynda, çaga dinozawrlaryň-da yzlary gowy saklanypdyr. Köp ýyllardan bäri Türkmenistan bilen içgin gyzyklanýan tatarystanly alym Albert Burhanowyň aýtmagyna görä, yzlaryň öz durkuny gowy saklamagyna onuň üstüni örten hekli daş gatlagy kömek edipdir. Ol göýä ençeme müňýyllyklaryň dowamynda bu yzlaryň goragy bolup hyzmat edipdir.
Her bir gymmatlygy, taryhy binalary goraýşymyz ýaly, bu täsin yzlary-da gorag astyna almagymyz gerek. Dogry, 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda türkmen tebigatynyň bu täsin paleontologik ýadygärligini ylmy taýdan öwrenmek we onuň tebigy ýagdaýyny saklamak maksady bilen, Köýtendag döwlet goraghanasynyň Hojaýpil döwlet çäkli goraghanasy esaslandyrylypdyr. Bu çäkli goraghananyň esasy wezipesi hem hut şu dinozawrlaryň yzy saklanyp galan dag ýapgydyny goramakdan ybarat bolupdyr. Şonuň üçin Türkmenistan hökümetiniň 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda çykaran Karary esasynda dag ýapgydy «Dinozawrlaryň tekiz belentligi» atly tebigy paleontologik ýadygärlik diýlip yglan edilýär we ol döwlet tarapyndan resmileşdirilip, gorag astyna alynýar. Şol döwürden bäri geçen ýyllaryň dowamynda bu paleontologik ýadygärligi goramak maksady bilen işler edilen-de bolsa, entek düýpli bitirilmeli işler öňde. Dogry, goraghananyň işgärleri bu dag ýapgydyna ýokardan inýän daş bölekleriniň öňüni böwetläpdirler. Ýörite daş haýatlary örüp, ownuk-uşak daşlaryň bu tekizlige aralaşmagynyň öňüni alypdyrlar. Emma eýýäm yzlaryň içinde emele gelen jaýryklarda gyşda suwuň doňmagy olaryň durkuna ýaramaz täsir edýär. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, elbetde, birleşen tagallalar gerek. Halkara ylmy ekspedisiýa gatnaşan alymlar bir hepdä golaý Köýtendagda bolup, ylmy çaklama we seljerme işlerini geçirenden soňra, Türkmenabat şäherinde şol ylmy seljermeler barada guralan «Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri» atly halkara ylmy maslahata ýygnandylar. Şonda bu ýerde maslahata gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda: «Häzirki döwürde dünýä taryhynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ylmy esasda düýpli öwrenilmäge we barlaglar geçirilmäge, ylmy-populýar, dokumental filmler surata düşürilmäge hem-de halkara jemgyýetçilige ýetirilmegine mynasyp görülýän Köýtendagy hem şol sanawa goşup bolar» diýlip bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri maslahata gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi. Soňra bu maslahatda ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň direktory Tarja Wirtanen «ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary», ABŞ-dan gelen, jahankeşde Martin Lokleýin «Dinozawrlaryň aýak yzlary boýunça gadymy landşafta hem-de olaryň geologik miras hökmündäki gymmatlygyna baha bermek» atly mowzuklarda çykyş etmek bilen, Köýtendagda saklanyp galan dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp tebigy ýadygärlikdigini belläp geçdiler.
«Gudrat görseň, daglara bar» diýlişi ýaly, ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag durşuna gudrat we täsinlikleriň mekany. Köpleriň syýahat etmegi arzuw edýän künjegi. Hakykatdan-da, ol indi diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde hem jahankeşdeleri haýran galdyryp biljek sebit. Onuň çeşme-çaýly dereleri, täsin tebigaty we syrly gowaklary bilen birlikde, dinozawrlaryň saklanyp galan aýak yzlary-da durşuna gudrat. Şeýle gözel we owadan ýerler ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem bar. Emma Köýtendag welin, özüniň owadan jülgelerinden başga-da, entek açylmadyk syrlary bilen seni özüne bendi edýär. Şol syrlaryň biri hökmünde, bu ýerde saklanyp galan dinozawrlaryň aýak yzlary, indi birnäçe ýyllardan bäri öwrenilýärem, goralýaram. Mähriban Arkadagymyzyň bu ýere 2014-nji ýylda ýörite gelip, ol yzlary synlamagy we oňa alymlaryň ünsüni çekmegi ýöne ýerden däl. Bu tebigatyň peşgeş beren gymmatlygy. Ony öwrenmek, goramak we dünýä jahankeşdeleriniň syýahat edýän ýerine öwürmek babatda öňde möhüm wezipeler goýulýar. Bu babatda milli Liderimiz bize nusgalyk görelde görkezýär.
Hakyň nazar salan ýurdy bolan nurana Türkmenistan durşuna gözellikleriň we täsinlikleriň mekany. Ony goramak we geljekki nesillerimize ýetirmek bolsa biziň borjumyz. Şeýle sogaply işiň başynda duran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda Ilat Gaznasynyň Ählumumy Hasabatynyň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

MÜYÖS Başvurusu Başladı

syrach

Parahatçylygyň we Azatlygyň Goragçylaryny Sarpalamak-Türkmen Halkynyň Asylly Däbi