29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyny Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýetirmek üçin gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulan senesinden bäri geçen 25 ýylyň içinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda iki ýurduň arasynda gazanylan beýik ösüşler barada pikir alyşyp, mundan beýläk hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bu köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini belläp geçdiler.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlyklyk Etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi

V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komiteti Aşgabat 2017-ä Gatnaşmak Üçin Petekleriň Bahalaryny Yglan Etdi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Geçirildi