25.9 C
Aşkabat
17.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Maria Übber Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal daşary işler ministri Zigmar Gabriýeliň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ýetirmek üçin gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulan senesinden bäri geçen 25 ýylyň içinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda iki ýurduň arasynda gazanylan beýik ösüşler barada pikir alyşyp, mundan beýläk hem Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda bu köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini belläp geçdiler.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýuldy.

Degişli makalalar

Türk Ýyldyzy Aşgabatda

Daşkentdäki Çempionatda Ökdeler Öňe Saýlanýar

LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri

turkmenhabargullugy