30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Gadymy Jeýhunyň Kenarynda

Gadymy Jeýhunyň Kenarynda

Jeýhun – beýik Orta Aziýa derýasy bolan Amyderýa joşgunly akýanlygy üçin gadymy kitaplarda şeýle atlandyrylypdyr. Gadymy döwürde bu söz “yňdarma”, “başyna giden” diýen manylary aňladypdyr. Munuň özi bolsa bu uly suw akabasyny örän dogry häsiýetlendirýär. Zol-zol kenaryndan çykyp, akabasynyň ugruny üýtgedýän bu derýa öz jülgesindäki ençeme galalary we obalary weýran etdi. Jeýhun ady ozalky gadymy grek ady bolan Oks adyny düýpli aradan aýryp, orta asyr arap ýer-ýurt atlarynyň arasynda pugta orun tutdy.

Amyderýanyň çep kenarynda Köneürgençden häzirki Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy Amul şäherine barýan kerwen ýoly uzap gidýär. Akademik B.B.Bartoldyň çaklamalaryna görä, Merwden Buhara gidýän ýoluň esasy geçelgesinde amatly ýagdaýda ýerleşmeginiň netijesinde hut Amul şäheri Amyderýanyň boýundaky iň uly şäher bolansoň, bu derýanyň häzirki adyna eýe bolmagyna sebäp bolupdyr.

Gadymy Amul galasynyň duran, ýerli häkimiň kabulhanasyny hem öz içine alýan ägirt uly depe häzirki wagtda “Atamyrat” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň iň esasy desgalarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan, aýratyn goralýan çäkleri döretmegiň we saklamagyň düzgünlerini kesgitleýän “Taryhy, arheologik, şähergurluşyk, arhitektura we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy binalaryň goragly zolaklaryny goramagyň tertibine” laýyklykda, Amulyň töwereginde döwlet tarapyndan goralýan meýdanlaryň çäkleriniň çekilmegi tamamlandy. Onuň çäklerinden taryhy görnüşleri güýçli ýoýan, XX asyrda peýda bolan dürli desgalar aýryldy.

Taryhçylara bu ýerde wajyp açyşlaryň ençemesi garaşýar. Çünki Amul Beýik Ýüpek ýolunda esasy galalaryň biri bolupdyr. Onuň ýanynda beýik derýanyň, orta asyrlarda Farap obasynyň emele gelen beýleki kenaryna geçmek üçin iň amatly güzerli geçelgesi bar ekeni. Beýleki geçelgeleriň ýerleşýän ýerinde hem şäher galalarynyň galyndylary bar. Olara mysal hökmünde Hoja-Idat-gala we Zöhre-Tahyr köşgi (orta asyrlarda Nawidah), Atamyrat (orta asyrlarda Zemm) we Kerkiçi galalaryny görkezmek bolar. Amyderýanyň iki kenarynda ýerleşen şeýle jübüt şäherler başga-da köp bolupdyr. Ýöne olaryň köp bölegi joşgunly suw akymlary kenaryny ýykyp çykanda hemişelik suw astynda ýitip gidipdir, beýlekileri bolsa heniz taryhçylar tarapyndan öwrenilmändir.

Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde mundan on iki asyr ozal, Jeýhunyň suwy has-da mes döwri onuň belent kenarlarynyň birinde ägirt uly ýadygärlik desgasy peýda bolupdyr. Daýahatyn ady bilen meşhur bolan bu desgany häzir hem görmek mümkin. Köp asyrlaryň dowamynda ol kerwensaraý hökmünde hyzmat edipdir. Şol ýerde söwda kerwenleri dem-dynç almak üçin düşläpdirler. Ýöne onuň ilkibaşda ýerine ýetiren işi düýbünden başgaça bolupdyr.

Çölüň bir künjeginde ýalňyz duran bu ajaýyp uly ýadygärlik desgasy IX asyryň başlarynda paýtagty Merwde ýerleşen Tahiridler dinastiýasynyň düýbüni tutujy Tahyr ibn Huseýniň buýrugy boýunça inedördül galanyň merkezinde gurlupdyr. Ol Orta Aziýada täze diniň — yslam dininiň ýaýrap başlan eýýamynda arap harby berkitmesi üçin niýetlenipdir.

Ondan iki ýüz ýyl geçenden soň, Beýik seljuklar eýýamynda Daýahatyn başga maksatlar üçin peýdalanylypdyr. Galanyň içinde merkezi bölegi döwrebaplaşdyrylypdyr. Onuň ýüzüni şol döwrüň bezegine we talaplaryna kybap gelýän bişirilen kerpiç bilen täzeden örüpdirdir. Az-kem soňraky döwürlerde biraz üýtgeşmeler girizilip, ol şu görnüşinde hem biziň günlerimize gelip ýetipdir.

XII asyrlarda durky täzelenen we abadanlaşdyrylan Daýahatyn Seljuk soltanlarynyň dynç alýan ýerine öwrülipdir. Olar bu ýerde söweş ýörişleri mahalynda ýa-da elguş bilen aw edenlerinde häli-şindi düşläpdirler. Bu galanyň diwarlary doganlar Togrul begi we Çagry begi, Alp Arslany, Mälik şany we onuň ogly Soltan Sanjary görüpdir.

Türkmenistanyň çäklerinde abat galan kerwensaraýlaryň arasynda çeperçilik taýdan kämilligi boýunça oňa taý gelýäni ýok. Diňe goňşy Özbegistanda şol döwrüň binagärliginiň ýeke-täk ýadygärligi Daýahatyn bilen bir hatarda goýlup bilner. Ol hem Samarkant bilen Buharanyň arasyndaky esasy ýolda ýerleşen Garahonlylaryň sähra kabulhanasy bolan Rabat-i-Mälik ýadygärligidir.

Bu binalaryň ikisini hem orta asyrlaryň aňrybaş, ýokary amatlyklary bolan myhmanhanalary diýip atlandyrmak bolar. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň köp sanly şahalarynda her 25—30 kilometr (bir günlük ýol) aralykda bolan kerwenleriň dynç almagy hem-de goragy üçin şäherlerde we çöl ýerlerde gurlan kerwensaraýlardan üzül-kesil tapawutlanýarlar. Olaryň aglabasy bireýýäm çäge ýa-da öz diwarlarynyň erän suwaglaryna gömlüp, ýitip gidipdir, diňe Daýahatyn we Rabat-i-Mälik ýaly ägirt uly ýadygärlikler iki goňşy we doganlyk ýurtlaryň — Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň häzirki zaman jahankeşdelik ýolunyň meşhur desgalaryna öwrüldiler.

Daýahatyn bu zolakda özüniň başdaky bitewi keşbini göz öňüne getirmäge doly mümkinçilik berýän derejede saklanyp galan ýeke-täk ýadygärlikdir. Bu bolsa häzirki döwürde abatlaýyş işlerini geçirýän hünärmenlere binanyň ähli ýitirilen böleklerini we bezeg nagyşlaryny hiç hili üstüne goşman, pugta ylmy esasda, bar bolan asyl nusga salgylanyp gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýär. Kerwensaraýyň ýitirilen böleklerini üýtgewsiz saklamagy hem-de ony bölekleýin abatlamagy soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri “Atamyrat” döwlet taryhy-medeni goraghananyň ussalar topary bilen bilelikde amala aşyrýarlar.

Olar Lebap welaýatynyň beýleki meşhur ýadygärliklerinde hem örän köp abatlaýyş işlerini geçirdiler. Olaryň arasynda Astanababa gadymy binagärlik toplumy we onuň golaýynda ýerleşen XI asyr Alamberdar aramgähi, XVIII—XIX asyrlardaky birnäçe türkmen medreseleri, şol sanda beýik Magtymguly Pyragynyň okuwa başlan Halaç etrabynda ýerleşýän Idrisbaba medresesi, Soltannyýaz baý galasy we beýlekiler bar.

Degişli makalalar

Astrahan Oblastynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany» Temasyndan Çagalaryň Arasynda Döredijilik Gözden Geçirilişiniň Jemi Jemlenildi

turkmenhabargullugy

Türkiýäniň Ýaşlar we Sport Ministrliginde “Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň” Tanyşdyrylyşy Atly Maslahat we Sergi Geçirildi

Ýeňil Atletika Başlamaga Taýýar Duruň!