28.9 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Halkara Aň-Paýhas Bäsleşiklerinde Üstünlik Gazanýarlar

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Halkara Aň-Paýhas Bäsleşiklerinde Üstünlik Gazanýarlar

Türkmen talyplary halkara derejesindäki ders olimpiýadalarynyň ikisinde dürli derejeli medallaryň on ikisini eýelediler, olaryň sekizis altyn medallardyr. Ýaryşlar uzak aralykda, onlaýn tertipde geçirildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Gulnyýaz Babanyýazow bilen Atajan Tagyýew, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Eziz Atabaýew, Mergen Nunnakow, Aýgül Kössekowa we Taňryberdi Akmyradow dagy altyn medallara eýe boldylar. Olar Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Litwanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Çernogroiýanyň, Moldowanyň we Russiýanyň wekilleri bilen çynlakaý bäsleşip, Saratow şäheriniň “Erudit” Ylym-bilim merkeziniň himiýa dersi boýunça guran „Atom-çylşyrymly bölejik“ atly Ikinji Halkara uzak aralykdaky olimpiýadasynda ýeňiş gazandylar.

Türkmen talyplary matematika boýunça uzak aralykdaky Halkara olimpiýadasynda hem dürli derejeli medallara mynasyp boldylar, ony Ysraýylyň «Ariel» Uniwersiteti gurnady. Gruziýadan,Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Polşadan, Sloweniýadan, Moldowadan, Ukrainadan,Wengriýadan, Rumyniýadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan talyplaryň 500 ýüze golaýy baş baýraga dalaş etdiler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden iki topar altyn medal eýeledi. Olaryň biriniň hatarynda Gurbangeldi Gurbangeldiýew, Gözel Taýmazowa we Ýyldyz Jumaýaewa, beýlekisinde –Şahlo Hasanowa, Nurýagdy Tirkeşow, Perman Iljanow we Eziz Eminow dagy çykyş etdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem olimpiýadada şowly çykyş etdiler. Gurtmyrat Motukow, Hojamyrat Arazow, Agaserdar Ýollyýew, Seýitmuhammet Şamyradow kümüş, Myrat Çäşemow, Begenç Akyýew, Babanyýaz Agambaýew, Jepbarberdi Jepbarow we Hamytbek Hajyýew dagy bürünç medala mynasyp boldylar. Türkmen oba hojalyk institutyndan Nury Atajanow, Eziz Kakyşow, Azat Amangeldiýew, Muhammetnazar Mirabow dagy hem bürünç baýrak eýelediler.

Degişli makalalar

Ýeňiş Güni Mynasybetli Dabaralar

«Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşyjylary Akkreditasiýa Etmek Boýunça Merkez Işe Başlady

Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi