15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Etrek etrap bölüminiň täze binasynyň we gulluk ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaraly çäresi geçirildi.

Etrek etrap bölüminiň täze binasyna edara jaýy, hojalyk toplumy, awtoulaglar üçin duralgalar we beýlekiler girýär. Bu ýerde migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň maşgalalary üçin gurlan ýaşaýyş jaýyndaky otaglar diňe bir giňligi bilen däl-de, ýaşamak üçin oňaýly şertleriň döredilendigi, şol sanda döwrebap mebeller bilen üpjün edilendigi bilen tapawutlanýar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly aladasy bilen bina edilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna we halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylan. Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk derejede bina edilen öýlerde ähli amatlyklar üpjün edildi. Olarda bagtyýar ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertler bar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň talaba laýyk gulluk etmekleri üçin, olaryň göwnejaý dynç almaklary we ýaşaýyş şertleriň gowulandyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we maşgalalary üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, häzirki zaman, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryyň yzygiderli gurulmagy ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýaňlanan aýdym-sazlar we täsirli çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Medeniýet Halkyň Kalbydyr

turkmenhabargullugy

Hepdäniň Wakalary

syrach

“Aşgabat” stadionynda bolan ählihalk dabaralary.

syrach