14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Türkmen Hemrasy Owganystana Öz Telegepleşiklerini Alyp Görkezmäge Mümkinçilik Berýär

Türkmen Hemrasy Owganystana Öz Telegepleşiklerini Alyp Görkezmäge Mümkinçilik Berýär

Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyň “TürkmenÄlem52oE” hemrasy diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem, Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýewropanyň döwletleriniň ulanyjylaryna köp görnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşiklerini, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem52oE”-niň hemra transponderleriniň ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýäniň we radionyň ähli gepleşiklerini HD görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Milli hemranyň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary üstünlikli peýdalanýarlar.

“TürkmenÄlem52oE”-iň ýaýlymlarynyň (transponderlerini, segmentlerini) hemra hyzmatlaryny we kärendesini hödürlemek üçin “Türkmen Hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) döredildi. Häzirki wagtda ol ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Türkmen emeli hemrasynyň üsti bilen gaýtadan dikeldilýän doganlyk Owganystanyň üç teleýaýlymy öz gepleşiklerini, daşary ýurtlaryň 20-den gowrak teleýaýlymy bolsa synag tertibinde gepleşiklerini ýaýlyma berýär, olaryň şu ýylyň aprel aýynda täjirçilik esasynda işe başlamagy meýilleşdirilýär. ÝGPJ-niň gatnaşmagynda älem aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini – giň gerimli Internet hem-de aragatnaşygyň hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini hödürlemek üçin teleport enjamy gurnaldy.

“TürkmenÄlem52oE” hemrasynyň kömegi bilen dag etraplarynda we Garagum çölünde ýerleşen alysdaky hem-de barylmagy kyn bolan şäherçeleri ykjam we geçirijili telefon aragatnaşygy bilen üpjün etmek mümkinçiligi peýda boldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

15-16-njy Martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine Döwlet Sapary Meýilleşdirildi