22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Kärhana kuwwatyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlup, geçen ýylyň awgust aýynda Balkan welaýatynyň Bereket etrap merkezinde ulanylmaga berilen tikin kärhanasynda her ýyl ýorgan-düşek daşlarynyň 600 müň toplumy öndüriler.

Bu kärhana nah we beýleki matalardan taýýarlanylýan önümler üçin zerur bolan pagta çig malynyň köp möçberde öndürilýän etrabynda guruldy. Bu ýere ýakyn aralyklarda ýerleşýän dokma toplumlaryndan mata önümleri gelip gowuşýança, kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýady hem döwrebaplaşdyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirkizaman tikin maşynlary, kompýuterler we innowasiýa tehnologiýasy halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. «Bereketde öndürilen» diýen söwda nyşanly tikin önümleri diňe bir içki bazarynda däl , eýsem beýleki bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Şu ýyl kärhana taslama kuwwatyna çykarylar we bu kärhanada her ýyl ýedi million inedördül metre golaý tikin önümleri öndüriler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Nebitiň Bahalary Aşaklamadan Soňra Az-Kem Gymmatlap Başlady

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…