37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Premýer-ministri hanym Tereza Meýe London şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş Arçanyň Ýanyndaky Dabaralara Gatnaşdy

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach